SPORT

“Formula 1”-iň indiki duralgasy Russiýa bolar

Sportuň “Formula 1” görnüşi boýunça Dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri Russiýa bolar. Möwsüm Russiýanyň ýer eýeçiliginde 10-njy ýaryşy bilen dowam eder.

Koronawirus epidemiýasy sebäpli täzeden gözden geçirilen 2020-nji ýyl senenamasynyň 10-njy tapgyry, Russiýanyň Soçi şäheri bilen adybir aýlawda geçiriler. Ýaryş 5 müň 848 metrlik ýolda 53 aýlawdan ybarat bolar. Ýaryşyň saýlama tapgyrlary 27-nji sentýabr, ýekşenbe güni başlar.

“Formula 1” boýunça Dünýä çempionaty boýunça şu wagta çenli sürüjileriň we toparlaryň iň gowy 5 sanysy aşakdaky sanawdan ybaratdyr.

Sürüjileriň arasynda:

  1. Lewis Hamilton (Beýik Britaniýa): 190 utuk
  2. Waltteri Bottas (Finlýandiýa): 135 utuk

3.Maks Werstappen (Gollandiýa): 110 utuk

  1. Lando Norris (Beýik Britaniýa): 65 utuk
  2. Aleksandr Albon (Taýland): 63 utuk

Toparlaryň arasynda:

  1. “Mersedes”: 325 utuk
  2. “Red Bull-Honda”: 173 utuk
  3. “MakLaren’: 106 utuk
  4. “Racing point”: 92 utuk
  5. “Renault”: 83 utuk

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Türkmenistanly emin Ronaldonyň duşuşygynda ätiýaçdaky emin bolar

Gwardiola özbek futbolçysy üçin rus ýa-da özbek dilini öwrenmekçi

Ata Watan Eserleri

Angliýada 2-nji “Salah” peýda boldy

Gyşky Aziýa oýunlary: Saud Arabystany ilkinji gezek gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Kaýl Wolker “Milan” toparyna geçdi

Klaudinýo Kataryň “Al-Sadd” toparyna geçdi