BIZNES

«Fitch Ratings» reýtingi Türkmenistana täze maýa goýumlaryny çekmäge kömek edýär

«Fitch Ratings» halkara reýting agentliginiň özygtyýarly baha beriş analitik toparynyň uly müdiri Pol Gembl “OGT-2021” forumynyň maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň häzirki ýagdaýy we Türkmenistan reýtingi barada çykyş etdi. Ol «Fitch Ratings» reýtinginiň Türkmenistana täze maýa goýumlaryny çekmäge kömek etjekdigini belledi.

– «Fitch Ratings» halkara reýting agentligi Türkmenistana «B + durnukly» derejede uzak möhletleýin reýtingi berendigini bellän Pol Gamble Türkmenistan bu reýting berlende ýurduň karz ukyplylygyny hasaplanda, mikro we makroykdysady görkezijileriniň, durmuş syýasatyň öňdengörüjiliginiö we daşarky maliýeleşdirmeginiň, şol sanda pul akymlarynyň durnuklylygyny we olaryň mukdarynyň seljerilendigini belledi.

Pol Gembl häzirki wagtda nebitiň we gazyň bahasynyň ýokarlanmagynyň ýurduň daşarky ýagdaýyny gowulaşdyrjakdygyny we ýakyn ýyllarda ýokary döwlet girdejileriniň garaşylýandygyny aýtdy. Ykdysady ýagdaýyň durnuklylygy, şol sanda bazar ykdysadyýetine geçmegi we hususy pudagyň ösdürilmegi bilen ýurduň makroykdysady derejesiniň döwrebaplaşdyrylýandygyny bellän Gembl hususan-da, Türkmenistanyň BSG-e girmek üçin möhüm ösüşi görkezýändigini aýtdy.

 

Ýod, brom we bromly önümleri öndürýän desgalary gurlar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

Balkan welaýatynda döwrebap ýyladyşhana ulanylmaga berildi

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň iri sergisi geçiriler

Gökdepe etrabynyň çäginde arassalanan agyz suwuny öndürýän kärhana açyldy

Bäherdende talh öndürýän kärhana açyldy

Hytaý «Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan» demir ýoly maliýeleşdirýär