DÜNÝÄ

Finlýandiýada 4 günlük iş hepdesi teklibi

Finlýandiýanyň geçen ýylda saýlanan dünýäniň iş ýaş Premýer-ministri Sanna Marin maksatnamasy esasynda ýurtda 4 günlik hem-de 6 sagatlyk iş meýilnamasy işlenip düzüldi.

Finlýandiýanyň metbugatynyň habar bermegine görä, 34 ýaşly Sanna Marin işgärleriň maşgalasy bilen has köp wagt geçirmegi üçin şeýle meýilnamanyň işlenip düzülendigi mälim etdi. Häzirki wagtda Finlýandiýada hepdäniň 5 güni her gün 8 sagat iş güni hereket edýär.

Finlýandiýanyň täze Premýer-ministri täze iş meýilnamasynyň işlenip düzülmegini, bu meýilnama laýyklykda işgärler hepdäniň 4 güni hem-de her gün 6 sagat işlärler.

– Adamlaryň maşgalasy bilen has köp wagt geçirmäge, gyzyklanýan güýmenjeleri bilen meşgullanmaga mynasypdygyny bellemek isleýärin. Bu başlangyç biziň zähmet durmuşymyzda nobatdaky ädim bolar – diýip,  Finlýandiýanyň täze Premýer-ministri belläp geçýär.

Sanna Marin geçen ýyl ýurduň hökümet başlygy wezipesine saýlandy. Mundan ozal, Finlýandiýanyň ulag ministri wezipesinde işledi. Şol wezipede işlän döwründe Sanna Marin has gysga iş hepdesi üçin teklip edipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy