DÜNÝÄ

FIFA-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebit edarasy Daşkentde açylar

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Halkara Futbol Assosiasiýalary Federasiýasynyň (FIFA) ýolbaşçysy Janni Infantino bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň başynda FIFA-nyň Prezidenti Özbegistanyň ýolbaşçysyny we halkyny 2026-njy ýylda ABŞ-da geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň final tapgyryna milli ýygyndynyň çykmagy ýaly taryhy waka bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Bu gazanylan üstünligiň ýurtda sportuň ösüşine berilýän ünsüň we ähli taraplaýyn goldawyň, amala aşyrylýan netijeli özgertmeleriň netijesidigini nygtady.

Duşuşygyň başynda Özbegistanyň bu abraýly halkara gurluşy bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek, ilkinji nobatda futboly guramak we dolandyrmak ulgamyny mundan beýläk-de özgertmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga, tälimçileri, eminleri, sport lukmanlaryny we tehniki hünärmenleri halkara derejesinde taýýarlamaga ýardam bermek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Futboly wagyz etmek, ilkinji nobatda ýaşlaryň arasynda bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýakyndan hyzmatdaşlygyň dowam edýändigi uly kanagatlanma bilen bellendi.

FIFA-nyň tehniki goldawy bilen, täzeçil çözgütleri ornaşdyrmak arkaly  Milli futbol merkezi döredildi. Geçen ýyl Özbegistanda futzal boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi.

FIFA-nyň iri ýaryşlaryny we çärelerini Özbegistanda guramak meselelerine aýratyn üns berildi.

Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin FIFA-nyň sebit edarasy açmak barada ylalaşyk gazanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda özbek futbolyny halkara derejesinde ösdürmäge we wagyz etmäge şahsy goşandy üçin Özbegistanyň Prezidenti FIFA-nyň ýolbaşçysy Janni Infantino döwlet sylagy – “Dostluk” ordenini gowşurdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Eýranyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanynda hemişelik wekilhanalary açylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti «Global Rail 2025» atly Halkara sergisine we maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada geçirilen «Ylmyň we tehnologiýanyň jemgyýetdäki orny» atly forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Horwatiýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy