SPORT

Federiko Kieza “Liwerpulda” oýnar

Angliýanyň “Liwerpul” topary tomusky transfer döwründe ilkinji futbolçysyny satyn aldy. Toparyň ozalky tälimçisi Ýurgen Kloppyň ornuna gelen Arne Slotyň toparyny başga futbolçylar bilen güýçlendirmeýändigi tankyt edilipdi.

Iňlis topary Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň hüjümçisi Federiko Kiezany satyn aldy. 26 ýaşyndaky hüjümçi bilen lukmançylyk barlagyndna geçip, topar bilen uzakmöhletleýin şertnama baglaşdy. Kieza täze topary bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy we onuň aýlyk haky ýyllyk 5 million ýewro bolar.

Topar bilen futbolçynyň arasyndaky şertnaman barada entek hiç hili maglumat berilmedi. Käbir neşirleriň habaryna görä, italýan futbolçy üçin 13 million ýewronyň tölenendigini bellenilýär.

Federiko Kieza 2022-nji ýyldan bäri “Ýuwentus” toparynda oýnaýar we 51 duşuşykda çykyş etdi.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler