DÜNÝÄ

Fatima Tuz Zehra: Aşgabat – gözellik, parahatçylyk we ösüş paýtagty

2025-nji ýylyň 28-nji marty meni täze gurlan Arkadag şäherinde geçirilýän abraýly maslahata gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine getirdi. Aşgabady ilkinji gezek görenleriň hemmesinde şäheriň binagärlik gözellikleri uly täsir galdyrdy. Türkmenistanyň paýtagty bolan Aşgabat, gök asman astynda ýalpyldap duran ak mermer binalary bilen haýran galdyrýar, ýumşak howa bolsa bu gözellige parahatçylyk goşýar.

“Ýyldyz” myhmanhanasy Aşgabadyň beýikliginde ýerleşip, şäheriň hem-de Köpetdag daglarynyň ajaýyp görnüşini hödürleýär. Myhmanhananyň amatly ýerleşişi Aşgabadyň ähli künjeginiň ajaýyplyklaryny synlamaga mümkinçiligini döredýär.

Aşgabat dünýäde “Gözellik paýtagty” hökmünde buýsanýar. Sähralygyň ortasynda ak güle meňzeýän bu şäher, tebigy gözelligiň, milli mirasyň we häzirki zaman ösüşiniň sazlaşygyny görkezýär. Ahalteke atlary we alabaý itleri şäheriň ýaşyl zolagynda erkin gezýärler. 1948-nji ýyldaky güýçli ýer titremesinden soň, Aşgabat täzeden dikeldildi we 2013-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna “iň köp ak mermer şäher” hökmünde girizildi.

Aşgabat “Söýgi paýtagty” ady bilen hem tanalýar. Bu at türkmen halkynyň öz dogduk ýurduna bolan söýgüsini we hormatyny görkezýär. Şäherdäki binagärlik, jemgyýetçilik durmuş hem-de medeni däp-dessurlar halkyň agzybirligini, sazlaşygyny we baky parahatçylygy alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň myhmansöýerligi we medeni ýörelgeleri bilen tanyş bolan myhmanlar bu söýgüni duýýarlar.

Aşgabat medeniýet, sport, edebiýat we sungat ugurlarynda hem baş şäherdir. Şäher öz taryhy köklerini Nusaý we Parfiýa ýaly gadymy medeni merkezlerden alyp gaýdýar.

Taryhy ýüplüklerden dokalan türkmen halylary bu sebitdäki çeper döredijiligiň ebedi nyşanydyr. Aşgabadyň ýaşaýjylary beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna ýokary baha berýärler.

Ykdysady taýdan Aşgabat “Bagtyýarlyk we strategik ösüş paýtagtyna” öwrülýär. TOPH, TOP we “Lapis Lazuli” ýaly möhüm energetika taslamalary arkaly Aşgabat sebit hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrülýär we döwrebap infrastruktura bilen güýçlenýär. Türkmenistanyň baý tebigy gaz gorlary Aşgabady dünýä derejesindäki energetika gepleşiklerinde möhüm oýunça öwürýär.

Diplomatiýa taýdan Aşgabat “Parahatçylyk we syýasat paýtagty” hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty we diplomatik başlangyçlary şäheri durnuklylygyň merkezine öwürdi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki ösüşler bilen Aşgabat “Geljegiň paýtagty” bolmaga barýar. Geçmişde Stambul, Kair, Bagdat we Samarkant nähili medeniýet we ösüş merkezleri bolsa, häzirki wagtda Aşgabat hem döwrebap we halkara ähmiýetli şäherleriň birine öwrülýär. Türkmenistan strategik dolandyryş, häzirki zaman keşbi we medeni köpdürlüligi bilen dünýä ösüşinde möhüm orna eýe bolýar.

Bu ösüşleriň esasy sebäbi bolsa “Pähim-paýhasly Liderligiň paýtagty” diýip atlandyrylýan dolandyryş ýörelgesidir. Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygy bilen Türkmenistan uly ösüşleri başdan geçirdi. Onuň türkmen taryhyna, ahlak gymmatlyklaryna we milli däp-dessurlara esaslanýan dolandyryş ýörelgeleri, gadymy mirasy häzirki zaman meýilnamalary bilen utgaşdyryp, Aşgabadyň täze keşbini döredýär.

Türkmen halky öz ýurduna bolan söýgüsi, tutanýerliligi we geljege bolan ynamy bilen bu ösüşiň esasy sütünine öwrüldi. Halkyň jebisligi, yhlasy we milli bitewüligi Aşgabady parahatlygyň we abadançylygyň nyşanyna öwürýär.

Aşgabat diňe bir paýtagt däldir – ol bir halkyň ruhuny, söýgüsini, medeniýetini we geljege bolan ynamyny görkezýän diri hekaýadyr. Bu sapar maňa Türkmenistanyň medeni we strategik gymmatlyklaryna çäksiz hormat we haýran galmak duýgusyny bagyşlady.

Fatima Tuz Zehra
“The Gulf Observer” gazetiniň baş redaktory

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Italiýa arheologiýa hyzmatdaşlygy boýunça täze ylalaşyklara gol çekdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň adalat ministri bilen duşuşdy

Duşenbede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy geçirildi

Türkmenistanda galla oragyna girişilýär

Italiýanyň Premýer-ministri Özbegistanda resmi saparda boldy

Türkmenistanyň dokma senagaty ministriniň Belgiýa sapary