JEMGYÝET

Eýranyň täze Prezidenti Türkmenistana çagyryldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň golaýda saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, Eýranyň strategik söwda-ykdysady hyzmatdaş bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny aýratyn belledi. Bilelikde amala aşyrylan taslamalaryň ençemesi şol hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini tassyklaýar. Eýran bilen ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy pudaklarynda netijeli hem-de özara bähbitli gatnaşyklar ösdürilýär.

Söhbetdeşler taraplaryň söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklap, bar bolan ägirt uly serişdeler we ykdysady kuwwatdan netijeli peýdalanmak maksady bilen gatnaşyklaryň has netijeli, döwrüň talabyna laýyk gelýän usullaryny gözlemegiň zerurdygyny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýola goýlan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, köp asyrlyk dostluk, özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, eýranly kärdeşini özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge, şu ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu duşuşyk Türkmenistanyň şu ýyl bu düzümde başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriler.

 

Türkmen wekiliýeti Eýranyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşar

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri