BIZNES

Eýranyň ‘‘Saderat’’ banky türkmen telekeçilerine akreditiw berer

Eýranyň ‘’Saderat’’ bankynyň Türkmenistandaky şahamçasy ýakyn wagtda türkmen telekeçilerine akreditiw berer. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki Senagat we söwda sergi toplumynda şu ýylyň 17-nji iýunynda Maşad şäherinde geçiriljek türkmen-eýran sergisine bagyşlanyp geçirlen tanyşdyryş çäresiniň dowamynda  bankyň Türkmenistandaky wekili mälim etdi.

Çärä Eýranyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Golam Abbas Arbab Hales, Eýranyň we Türkmenistanyň işewür toparlarynyň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Akreditiw nagt däl tölegiň bir görnüşi bolup, onda tölegler alyjy tarapyndan satyja gönümel däl-de, bankyň araçylygy arkaly geçirilýär. Töleg resminamasy telekeçilere maliýe goldawyny almaga we işlerini giňeltmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa öz gezeginde ýurtlaryň arasyndaky söwda we maýa goýumlarynyň ösmegine goşant goşýar.

Bankyň Türkmenistandaky wekili ‘’Saderat’’ bankynyň 30 ýyldan bäri Türkmenistanda iş alyp barýandygyny we hususy telekeçilere töleg üçin kepillik hatlaryny berýändigini aýtdy. Bu kepillik haty müşderä haryt, iş ýa-da hyzmatlar üçin töleg möhletini bozmazdan yza süýşürmäge mümkinçilik berýän resminama bolup durýar.

Ýene-de okaň

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder

Hytaý Türkmenistanyň hususy pudagy bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar

ÝTÖB Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalaryna goldawy giňeltmäge taýýar

Aziýa Ösüş Banky Türkmenstanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna goldaw berer

Aşgabatda IFT 2026 atly halkara forum geçirilýär