DÜNÝÄ

Eýranyň prezident saýlawlary üçin Türkmenistanda ses berişlik gurnaldy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Eýran Yslam Respublikasynda prezident saýlawlary geçirilýär. 88 million ilatly ýurduň 62 million saýlawçysy saýlawlara işjeň gatnaşyp öz seslerini berýärler.

Ýurduň çäginde we daşary ýurtlarda saýlaw uçastoklary döredildi. Şeýle saýlaw uçastogy Türkmenistanyň çäginde hem döredilip, onda Eýranyň raýatlaryna ses bermek mümkinçiligi döredildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Türkmenistanda ýaşaýan eýranlylar, Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda ýa-da Mary şäherindäki baş konsullygynda bu saýlawa gatnaşyp, öz seslerini berdiler.

Saýlaw uçastogynda “Ata Watan Media” toparynyň habarçylary hem bolup, ses berişlik barada wideoýazgylar taýýarladylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbahani bu ýerde habarçylar bilen söhbetdeş bolup, Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy bilen kanunçylyga laýyklykda, nobatdan daşary saýlawlary geçirmegiň bellenendigini we şoňa laýyklykda, Eýranyň çäginde we daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarda saýlaw uçastoklarynyň döredilendigini belledi.

Şeýle hem ilçi Türkmenistanda ses bermek mümkinçiligini berendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Daşary işler ministrligine öz hoşallygyny bildirdi.

Bu saýlawlaryň çäklerinde eýranly sürüjileriň we eýranly syýahatçylaryň seslerini kabul edip almak üçin mobil ses gutusy döredildi. Olar Lotfabad we Aşgabat terminallarynda bolup, şol ýerde eýranly sürüjileriň  seslerini bermägine şert döredildi.

Eýranda prezident saýlawlaryy irden ýerli sagat bilen 08:00-da başladu we agşam ýerli wagt bilen 18:00-a çenli dowam eder.

Eýranyň prezident saýlawlaryna 4 dalaşgär gatnaşýar we olar – Eýran Yslam Respublikasynyň howpsuzlyk geňeşindäki ruhy lideriň wekili Said Jalili, mejlisiň häzirki başlygy Mohammed Bager Galibaf,  Içeri işler ministrliginiň öňki başlygy Mostafa Purmohammadi we Masud Pezeşkiýan.

Ýene-de okaň

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Argentinanyň Prezidenti Italiýanyň raýaty boldy

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy

Donald Tramp – ýylyň adamy