DÜNÝÄ

Eýranyň ministri: türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen üstaşyr geçirilmegi möhümdir

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Eýranyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, söhbetdeşlikde Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary we sebit meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Eýranyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen kärdeşini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy bilen gutlady. Şeýle hem ol iki ýurduň arasyndaky gyzyklanma döredýän ugurlardaky hyzmatdaşlyga ünsi çekdi we Türkmenistanyň gazynyň Eýranyň üsti bilen üstaşyr geçirilmeginiň möhümdigini belläp geçdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy hem öz gezeginde 2023-nji ýylyň başlarynda iki ýurduň arasynda ykdysayd hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň mejlisini geçirmek babatda ozal gazanylan ylalaşyga ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Eýran bilen gatnaşyklary giňeltmek boýunça taýýardygyny belledi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Aşgabat bilen Tähranyň arasynda ýola goýlan halkara guramalaryň, şol sanda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy we Yslam hyzmatdaşlyk guramasy boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhümdigini belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar