MEDENIÝET

Eýranda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Şu ýylyň 22 — 26-njy noýabry aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynda geçiriljek Medeniýet günleriniň çäklerinde taýýarlanan meýilnama esasynda ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisini, medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertini, iki ýurduň senetçileriniň tejribe alyşmagy we döredijilik duşuşygyny, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan iki ýurduň alymlarynyň, ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň döredijilik duşuşygyny, şeýle-de türkmen filmleriniň görkezilişini geçirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, meýilnama esasynda türkmen wekiliýetiniň Eýranyň Yspyhan şäheriniň medeni ojaklaryna we gözel ýerlerine baryp görmekleri, şeýle-de Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy mynasybetli iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konsertini hem geçirilmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

“Galkynyş” topary welaýatlarda çykyş ederler

Türkmenistanda mart aýynda geçiriljek esasy çäreler

“Titanigiň” gahrymany ilkinji gezek režissýorlyk eder

Kino dünýäsiniň BAFTA baýraklary gowşuryldy

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

Ahyrky garagyş döwri başlandy