Eýran Yslam Respublikasynyň abraýly we gadymy uniwersitetlarynyň biri bolan – Tähran uniwersitetinde Medeniýet we yslam gollanmasy ministrliginiň utgaşdyrmagynda, Medeniýet we poeziýa birleşmesiniň hem-de EYR-yň Prezidentiniň parlament meseleleri boýunça diwanynyň hyzmatdaşlygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Agzalan çäräniň işine EYR-yň Prezidentiniň Parlament meseleleri boýunça orunbasary Mohammad Hoseýni, ozalky Daşary işler ministri Manuçehr Mottaki, Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň ozalky häkimi Mahmud Ahmadi Bigaş, musulman jemgyýetiniň wekilleri-ymamlar, şeýle hem hormatly il ýaşulylary, türkmen diasporasynyň XIX-njy asyryň beýik şahyrynyň döredijilik mirasyny öwrenmek bilen meşgullanýan wekilleri we alymlary gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda çykyşlar we prezentasiýalar bilen bilermenler jemgyýetiniň, şeýle hem syýasy-diplomatik toparlaryň wekilleri, şol sanda Mohammad Hoseýni we Manuçehr Mottaki dagylar çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan üçünji sekretar Kemal Ataýew hem öz çykyşynda şu häsiýetli medeni we aýdyňlaşdyryjy çäreleriň geçirilmeginiň iki ýurduň gatnaşyklarynyň berkidilmegi üçin wajyplygyny belläp, şeýle-de ol türkmen edebiýatynyň we türkmen halkynyň aňynda Magtymguly Pyragynyň aýratyn milli ägirt orny barada aýdyp geçdi.
Türkmen edebiýatynyň klassigynyň durmuşy we döredijiligi hakynda öňdebaryjy alymlaryň we ýörite çagyrylan myhmanlaryň çykyşlaryndan soňra, türkmen diasporasy tarapyndan konsertli çäreler geçirildi. Onuň dowamynda sahnada türkmen milli aýdymlary ýaňlanyp, halk tanslarymyz ýerine ýetirildi.
Çäräniň ahyrynda ýokary okuw jaýynyň mugallymlary we talyp ýaşlary bu çärä gatnaşyjylar hem-de myhmnalar bilen ýadygärlik surata düşdüler.