JEMGYÝET

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly goňşy döwletleriň Baştutanlary birek-biregi ýakynlaşyp gelýän Gurban baýramy bilen gutlap, türkmen we eýran halklaryna bagt we abadançylyk arzuw etdiler.

Milli Liderimiz bu nurana baýramyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, rehimdarlyk ýaly asylly ýörelgeleri dabaralandyrýandygyny belläp, onuň tutuş musulman ymmatyna hem-de adamzada parahatçylyk, ylalaşyk we durnuklylyk getirmegini dileg etdi.

Bellenilişi ýaly, dünýäniň döwletleri, ilkinji nobatda bolsa, ýakyn goňşulary bilen dostluk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen we eýran halklarynyň hoşniýetli gatnaşyklarynyň köpasyrlyk umumy taryhy hem-de medeni köklerden gaýdýandygyny belläp, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak esasynda işjeň ösdürilýändigini aýtdy.

Şeýle hem iki ýurduň abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň düzümleýin bölümleriniň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklarynyň hem ýokary derejesi bellenildi.

Ählumumy gün tertibiniň möhüm meselesi bolan täze görnüşli koronawirus ýokanjy, onuň ýaýramagynyň halkara gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryna edýän ýaramaz täsiri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz ählumumy häsiýete eýe bolan СOVID-19 ýokanjyna garşy göreşde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar we bu wehime garşy netijeli göreş alyp barmak üçin ylalaşykly tagallalaryň taýýarlanylmagyny zerur hasaplaýar. Hormatly Prezidentimiz ähli ýurtlaryň tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň oňyn netijelere getirjekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm üns berýändigi üçin eýranly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iki goňşy halkyň bähbitlerine mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Hasan Ruhani birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen ýene bir gezek gutlap, Türkmenistanyň we Eýranyň halklaryna parahatçylyk, bagt hem-de abadançylyk arzuw etdiler.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hytaýly kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Sun Sinlin gaznasynyň işi bilen tanyşdy

Türk alymy Alişer Nowaýy adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Hytaýa iş sapary başlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Eýranyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ata Watan Eserleri