MEDENIÝET

Eýran Türkmenistan bilen media ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we yslam ugrukdyryş ministri Mohammad Mahdi Esmaýiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.

Eýranyň “IRNA” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we yslam ugrukdyryş ministri Mohammad Mahdi Esmaýil bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Eýranyň ministri Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky çuň medeni umumylyklar iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkitmäge şert döretdi.

Ministriň aýtmagyna görä, Nowruz baýramyny serhetýaka şäherlerde geçirmek, umumy medeniýete degişli filmleri döretmek we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge giň mümkinçilikler bar.

Eýranyň ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda birnäçe möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny belledi.

Şeýle hem ol Eýranda 14 müňden gowrak habarlar saýtynyň işlemek üçin rugsatnama alandygyny belläp, Medeniýet ministrliginiň Türkmenistan bilen media ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi.

Tähranyň halkara kitap ýarmarkasynyň sebitdäki iň iri sergileriň biridigini bellän Eýranyň ministri Türkmenistany öňde boljak bu kitap ýarmarkasyna hormatly myhman hökmünde çagyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini belledi.

Türkmenistanyň wise-premýeri hem öz gezeginde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň goldaw bermeginde medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini belläp, iki ýurduň medeniýet wekiliýetleriniň medeni hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň dürli ugurlary açmak ugrunda tagalla edýändigini mälim etdi.

Şeýle hem ol Eýranyň sungat we medeniýet işgärlerini Türkmenistanda geljekde boljak festiwallarda görmekden hoşal boljakdygyny aýdyp, bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek ugrunda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekmäge taýýardyklaryny belläp geçdi.

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy