DÜNÝÄ

Eýran bilen syýasy geňeşmeler : COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreş

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde wideokonferensiýa görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi.

Ikitraraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine meýillidiklerini mälim etmek bilen, taraplar sebitara meseleleriniň birnäçesini hem-de halkara giňişligindäki özarahereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň we daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky yzygiderli gepleşikleriň möhüm ähmiýeti bellenilip geçildi. Eýran tarapy döwletimiziň Baştutanynyň parasatly syýasatynyň saýasynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň oňyn döwlet syýasatyna Eýranyň Hökümetiniň ýokary baha berýändigini nygtap geçdiler we hut oýlanşykly hereketleriň netijesinde koronawirus ýokanjynyň Türkmenistanyň çägine aralaşmagynyň öňüniň alnandygy bellenilip geçildi. Türkmenistanyň bu ugurdaky hereketleriniň beýleki ýurtlar üçin nusga bolup biljekdigi bellenilip geçildi.

COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşde tagallalaryň birleşdirilmeginiň zerurlygy barada gürrüň etmek bilen, diplomatlar ulag-ykdysady çökgünligini ýeňip geçmek boýunça oňyn çözgütleriň gözlenilmegine aýratyn ünsi çekdiler. Serhetýaka hyzmatdaşlygynyň çäklerindäki meselelere hem seredilip geçildi.

Eýran tarapy Türkmenistana kyn pursadynda beren ynsanperwer goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. Halkara kadalarynyň we ýörelgeleriniň temasyna degip geçmek bilen, taraplar adamyň bagtyýar ýaşaýşynyň esasy üns merkezinde saklanylmalydygyny belläp geçdiler.

Taraplar şeýle-de konsullyk häsiýetli meseleleri, KHBS-leriň işini, şonuň ýaly-da medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk hem giňledilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň wekiliýeti üçin medeni maksatnama guraldy

Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi