DÜNÝÄ

Gülüstan welaýatynda Magtymguly Pyragynyň doglan güni mynasybetli dabaraly çäre

2023-nji ýylyň 17-nji maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Kümmet-kowus şäheriniň baý taryha eýe bolan gadymy we abraýly – “Gonbad-Kavous” uniwersitetinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Agzalan çäräniň işine Kümmet-kowus şäheriniň häkimi Mehdi Dehruýe, Gülüstan welaýatynyň häkiminiň geňeşçisi Ahun Hojamly, Türkmenistanyň Eýrandaky Ilçisi A.Gurbanow, Baş Konsul Y.Gaýypow, mejlisiň deputatlary, musulman jemgyýetiniň wekilleri-ymamlar, şeýle hem hormatly il ýaşulylary, türkmen diasporasynyň XIX-njy asyryň beýik şahyrynyň döredijilik mirasyny öwrenmek wekilleri we alymlary gatnaşyp, olar manyly çykyşlar etdiler.

 

Türkmenistanyň Ilçisi A.Gurbanow hem öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň çuňňur döredijiligine bagyşlanan çäreleriň geçirilmeginiň iki ýurduň gatnaşyklarynyň berkidilmegi üçin wajyplygyny belläp, şeýle-de türkmen edebiýatynyň we türkmen halkynyň aňynda şahyryň milli orny barada aýdyp geçdi.

 

Türkmen edebiýatynyň klassigynyň durmuşy we döredijiligi hakynda öňdebaryjy alymlaryň we ýörite çagyrylan myhmanlaryň çykyşlaryndan soňra, çärä gatnaşyjylar şahyryň döredijiligine bagyşlanan sergini synladylar.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy