SIZDEN GELENLER

Eýfel diňiniň beýikligi 330 metre ýetdi

Fransiýa Respublikasynyň iň bir owadan hem-de syýahatçylyk merkezleriniň biri bolan Eýfel diňiniň beýikligi 330 metre deň boldy. Bu meşhur diňiň ýokarsyna 6 metrlik radio antenna oturdyldy. Şonuň hasabyna onuň beýikligi artdy.

Täze radio antennanyň agramy 350 kilogram bolup, onuň üçin döwlet gaznasyndan 1 million ýewro sarp edildi. Enjam sanly radio üçin signal geçirişini gowulandyrar we bar bolan iberijileriň üstüni ýetirer. Mundan başga-da, antenna fransuz metropolisiniň 12 million ilaty üçin 30 töweregi teleýaýlym we 32 radio ýaýlymyny ýaýlyma bermäge mümkinçilik berer.

Eýfel diňi barada aýdylanda bolsa, onuň ady diňiň gurluşygynyň inženeri Gustawe Eiffeliň hormatyna dakyldy. Diňiň gurluşygy 1887-nji ýylda başlap, 1889-njy ýyla çenli 2 ýyl, 2 aý, 5 gün dowam etdi. Diňiň jemi 1665 sany basgançagy bar. Ilkibaşda diňe çykmak üçin şolar ulanylypdyr. Häzir bolsa, köplenç liftleriň hyzmatyndan peýdalanylýar. Her ýyl ortaça hasapda 7 million töweregi syýahatçy ýörite diňi görmek maksady bilen Fransiýa gelýär.

Ozalky ýagýada görä, diňiň beýikligi 300,51metr (anteni bilen birlikde 324,8 m). Umumy agyrlygy 10,150 tonna barabardyr.

Merjen Atajanowa, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniweristietiniñ talyby.

 

 

“Barselona”-nyň taryhynda ilkinji gezek: Stadionyň ady üýtgedildi

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika