DÜNÝÄ

Eyfel diňine welosipedde çykmak boýunça dünýä rekordyny goýdy

Fransuz türgen hem-de bloger Orelýen Fontenua Eyfel diňine adaty däl usulda welosiped bilen çykmak boýunça dünýä rekordyny goýdy, diýip, “MIR 24” habar berýär.

Esasy şert – aýaklary pedaldan aýyrmak gadagan edilipdir. Ol şeýlelikde 686 basgançagy geçmeli boldy we muňa 12 minut 30 sekunt sarp etdi. Bu görkeziji hakyky rekord boldy.  20 ýyldan mundan ozal, goýlan öňki rekorddan 7 minut az wagtda degişli sepgidi geçdi. Mundan ozalky rekord, 2002-nji ýyldaky 19 minut 4 sekuntlyk görkezijisi bilen Ýug Rişara degişlidir.

Orelýen Fontenua welotrial boýunça dünýäniň üç gezek wise-çempiony: «Örän kyn boldy. Ýöne men netijeden örän hoşal. Şeýle gysga wagtda şunça ýol geçerin öýtmändim. Rekordy goýanyma örän begenýärin!» – diýip belledi.

Welosipedde Eyfel diňine çykmak däbiniň köne taryhy bar. Bu ýol ilkinji gezek 100 ýyldan gowrak wagt ozal, 1923-nji ýylda geçilipdir.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda energetika hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi