TESWIRLER

Eýeçilikli göz

Telefon arkaly ençeme ýola myhmançylyga çagyransoň, günlerde bir gün şäherli  tanşymyzyň gapysyny kakdyk. Baranymyzda, dogrusy, özümiz utandyk. Egin-eşikmidir iýlip-içilip ýygnalmadyk saçak, çäýnek-käsedir gap-gaç, garaz, öýde bolmaly zatlaryň birentegi ortada pytraşyp ýatyrdy. Ýaşulynyň gelnidir agtyklary çaşyşyp ýatan zatlary tertibe saljak bolup, garabaşlaryna gaýdylar. Bendäniň kempir-ä bu dünýä bilen öňräk hoşlaşypdy. Ogly işde ekeni. Döwürdeşimiz kineli dillendi:

-Siz bizi gapyl basaýdyňyz-a. Geljegiňizi öňünden mälim etseňiz bolmadymy?! Içerimizi tertibe salardyk, taýylyk görerdik…

Hatanyň bizde-de bolmagy ähtimal. Öňünden duýduryp, aýtsagam boljakdy. Ony halamadyk. Onda gopbamsyzlyk, ýersiz resmilik gördük. Onsoňam beýtmek bilen barjak ýeriňi ýagşydan-ýagşy biş-düş taýynlatjak bolup bimaza etmegiň, azara goýmagyň mümkin ahyry. Sadalyk, pespällik ýaly zat barmy! Bu datly lezzete, ýagly lukma gyzygyp däl-de, güler ýüze, süýji söze muşdak bolup barypdyk. Ýaşulynyň «Içerimizi tertibe salardyk…» diýip, bildiren nägileleligi öňýeteni geňirgendirse gerek. Asla, içerde goş-golamlaryň ýerbe-ýerliginiň myhman, gelip-giden üçin däl-de, öžüň, öz abraýyň, öz mertebäň üçin bolmalydygy myhmançylyga baran ýerimizde ýetik bilinýän däl bolara çemeli.  Öý-içersiniň medeni sypatyna sarpa goýulýan maşgalalarda şeýle ýörelgä gulluk edýärler: «Alan, peýdalanan zadyňy eýläk-beýläk, bolar-bolmaz ýere oklaman, alan ýeriňde, belli ýerde rejeläp goý!». Şuňa tutaryk edip, iki maşgalany, ýagny iki terbiýäni mysal hökmünde teswirlemegi müwessa bildik. Şol bir maşgalanyň okuwçysy, işçisi mekdepden, işden gelýärler, egin-eşiklerini, elde göterip getiren zatlaryny çem gelen ýerlere oklaýarlar. Desterhan başynda garbanan zatlaryny, gap-gaçlaryny, çäýnek-käselerini ýygnaýyşlary, arassalaýyşlary hem ýabygorly. El ujundan eýläk-beýläk süýşürişdirip, boldum edip, ýerlerinden turýarlar. Öý bikesi, ähli maşgala agzasy bu geleňsizligi, ýaltalygy, biperwaýlygy piňine alman, dura-bara muňa öwrenişip gidýärler. Olarda bir umyt, bir garaşyk bar: «Dynç alyş günleri gelsin bakaly, bularyň baryny gül ýaly ederis. Goý, häzir bolsa bolubersin». Ertir irden okuwçy mekdebe ýönelmekçi bolanda, jorabyny, tahýasyny ýa ruçkasyny tapman kösenýärdir. Işçi bolsa geýýän egin-eşikleriniň ýa-da beýleki bir zadynyň gözleginde urunýandyr. Şol pursat içerde gopýandyr dawa-jenjel, galmagal. Ýöne olar muny geňläbem durmaýarlar. Bu adaty bolmaly zatdyr öýdýärler. Emma beýleki maşgalada welin, hemme zat ýerbe-ýerdir. Ähli zadyň durmaly, goýulmaly, saklanmaly mydamalyk bir ýeri bardyr. Aňtajak, idejek gümäniň ýokdur. Goýan zadyňy goýan ýeriňden gepsiz-gürrüňsiz alyp, geýip gidibermelidir. Çaýlanmak, naharlanmak babatda-da tertip şeýledir. Mahlasy, ol ýerde myhman geldi-gelmedi, parhy bolmaz. Içeri şol bir tämizlegindedir.

Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa şäherçesinde Töre kaka ady bilen tanalýan kiçi göwünli, tapan zady ortak, jomart ýaşuly ýaşapdy. Onuň öýüniň, öz geýim-gejiminiň, iş ýeriniň, tutuş maşgala agzalarynyň tertipligi ýaşaýan şäherçeleriniň nusgasy hasaplanýardy. Maşyn saklaýan garažynda ätiýaçlyk şaýlarynyň san-sajagy ýokdy. Emma olar baş-başdak, duw-dagyn bolup ýatan däl-de, belli-belli ýerlerde, ylla ýaşaýan öýündäki zatlar deýin tertipli goýulgydy. Garažyň görnükli ýerinde ätiýaçlyk şaýlarynyň atlary, olaryň goýlan ýerleri ýazylgy durardy. Işiň düşüp, oňa ýumuş bilen barsaň, soran zadyňy elini uzadan ýerinden tapyp, seni begendirip göýbererdi. Ökde sürüjidi, tehnikanyň inim-çykymlaryny ýetik bilýän ussa kişidi. Töre kakanyň öýleri biziň ýakyndan gatnaşýan, baryş-geliş edýän ojagymyzdy. Bir gezek men onuň dowar soýşuna gabat geldim. Ol geýip ýören täze, sypaýy eginbaşyny çalşyryp, ýatan-turan şylha geýjegem bolmady. Şonda üst-başyna ýekeje hem gyl-gymyr düşürmedi, hatda elini-de ýaga, gana buluşdyrmady. Goýun läşi hem arassady, oňa ne töý-ýüň düşüpdi, ne-de-çaň-tozan. Gaty seresap, päkize bendedi.

Obamyzda Gurban diýen goýun çopanyň çölde goş-golamyny, daş-töweregini, tämiz, tertipli saklaýşyna gözüm gidipdi. Ol ençeme ýyl sowhozyň goýun sürürilerini bakýardy. Ömrüniň ahyrky ýyllarynda hem obanyň çekene çopany bolupdy. Çekene sürüsine goýun goşan görgüliniň iki aýagynyň biriň şonda bolýandygyny bilmeýänimiz az-azdyr. Şeýle bolansoň, men onuň telim ýola çopan goşunyň myhmany bolupdym. Gurbanyň ýakmak üçin goşa getirýän odyny hem öýde, peçde ýakyljak kimin timarlydy, çemlidi. Ot ýakýan, çaý-damak taýýarlaýan ojagynda çaşyşyp ýatan çöplemä (odunyň ownuk-döwnügine) gözüň düşmezdi. Küli, süňk-saňky, agyzdan galan owkady taýakýetim uzaklykdaky ýörite gazylan çukura dökerdi. Bişirýän her dürli tagamyndan, gömme çöreginden, düýe çalyndan iýip-içip, ganyp-doýup bolmazdy. «Goşuň dumly-duşy göçülen ýurt mysaly çaşyp ýatsa, mazaň bolmaýar. Çöl bolanda näme, onuňam gözeligi, mertebesi bar. Ony harlamak, ynjytmak bolmaz» diýip, Gurban çopan gürrüň bererdi.

Ol döwürde Jemerajy obasyndaky başlangyç mekdebiniň ýeke-täk mugallymydym hem-de oňa müdirlik edýärdim. Mekdebiň okuwçy sany az bolsa, dört synpy bir mugallym bir wagtda ýeke özi goşup okadyp bilýärdi. Öň mugallymçylyk mekdebini tamamlap, goňşy Gökdere obasynda iki ýyl çaga okadyp, bu ugurda azda-kände düşünje alanam bolsam, hasabat beriş iş kagyzlaryny doldurmaga tejribäm ýokdy. Sebäbi ozal mekdebe müdirlik edip görmändim. Şoňa görä okuw ýylyň ahyry bolanda, etrap bilim bölüminiň  müdiri ençeme gaýta huzuryna barsam-da, hasabaty kabul etmän, yzyna gaýtarýardy, kemçilik tapýardy. Akguýy obasyndaky orta mekdebiň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary Nurgylyç aga meniň janserek bolup ýörenimi görüp, ýanyma geldi. Bu goja etrapda sylanylýan tejribeli, abraýly mugallymdy. Ol esli wagtyny sarp edip, iş kagyzlaryny nähili doldurmalydygyny öwretdi. Şondan soňra hödürlän hasabatymy etrap bilim bölüminiň müdiri göwünjeň kabul etdi. Şol salym başga bir ýaş mugallym golaýymyzdaky stoldan turup gidende, yzynda kagyz bölekleri çaşyp galdy. Şonda Nurgylyç aga lapykeç halda dillendi:

-Wah, ýaşlyk edýärler-dä. Mugallym halky diňe mekdepde, okuwçylaryň öňünde däl, hemme ýerde-mugallymdyr. Mugallym diýen hormatly, jogapkärli pişä eýe bolan adama birgiden synçy gözler seredýändir. Seň oturyp-turşyň, geýnişiň, sözleýşiň, gadyrdanlygyň, arassaçylygyň, gepiň tümmek ýeri, durkuň, barça hereketleriň bilen görelde, ülňi bolmasyn…

Men bu makalany ýazyp, oňa näme sözbaşy goýarkam diýip, pikir edip ýörkäm, golaýda bolan oturylyşyk dadyma ýetişäýdi. Saçakdaşym ýaşy gaýdyşyp, köp külpeti başyndan geçiren bolmasa-da, akylly, dilewar ýigitdi. Geňeş toýunyň sadakasyny sowup, öýli-öýlemize ugramakçy bolamyzda, ýaňky supradaş goňşym hyrçyny dişläp:

-Gör-ä, bu gözgyny halda pytraşyp ýatan gymmat bahaly iýim-içimleri, gap-gaçlary… Toýuň eýesi biçäre aýasynda teňňe sanap, ýokdan bar edip, bulary orta goýdy. Indi-de o zatlar… Wah, eýeçilik gözi ýok-da-diýdi. Ine, şu jümleler-de makalama sözbaşy boldy. Jaý jümle, eýeçilik gözüň ýok ýerinde baş-başdaklygyň, bulam-bujarlygyň, tertipsizligiň, aýawsyzlygyň, biparhlygyň… göhi gelýär. Içerde-de, daşarda-da, işde-de, hemme ýerde, hemme wagtda eýeçilik gözi wajyp.

 

Türkmenistanyň Hormatly Iş Ýaşulysy Hojagylyç Nazarowyň döwrüň meselelerine bagyşlap ýazan gymmatly eserlerini okamak üçin gök ýazylan ýere basyň!

 

Ýene-de okaň

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri