JEMGYÝET

Ýewropanyň iň gymmat futbolçylary

Halkara sport seljermeleri merkezi (CIES Football Observatory) Ýewropanyň esasy 5 futbol ligasynyň iň gymmat futbolçylarynyň sanawyny taýýarlady. Bu sanaw merkeziň resmi internet sahypasynda ýerleşdirildi.

Şol sanawda Ýewropanyň iň gymmat futbolçysy Lionel Messi we Kriştiano Ronaldo hem däl, ol Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” toparynyň futbolçysy Kilian Mbappedir. Onuň bahasy 265,2 million ýewro deňdir. Bu sanawda ikinji orny “Mançester Siti” toparynyň hüjümçisi Rahim Sterling (223,7 mln ýewro), üçünji orny “Liwerpul” toparynyň hüjümçisi Mohamed Salah (175,1 mln ýewro) eýeledi.

6 gezek “Altyn pökgi” baýragyny gazanan Lionel Messi bu sanawda sekizinji orunda (125,5 mln ýewro) barýar. Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň hüjümçisi Kriştiano Ronaldo 80,3 mln ýewrolyk bahasy bilen sanawda yza galdy.

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň iň gymmat futbolçylary:

1.Kilian Mbappe («PSŽ») — €265,2 mln;

2. Rahim Sterling («Mançester Siti») — €223,7 mln;

3. Mohamed Salah («Liwerpul») — €175,1 mln;

4. Jeýdon Sanço («Borussiýa»,Dortmund) — €168,9 mln;

5. Sadio Mane («Liwerpul») — €155,6 mln;

6. Garri Keýn («Tottenhem») — €150,5 mln;

7.Markus Reşford («Mançester Ýunaýted») — €134,3 mln;

8. Lionle Messi («Barselona») — €125,5 mln;

9. Antuan Grizman («Barselona») — €123,6 mln;

10. Lautaro Martines («Inter») — €115,7 mln.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri