SPORT

“Ewerton” toparyny amerikaly işewürler satyn alýar

Angliýanyň “Premýer Liga” çempionatynda çykyş eden “Ewerton” toparyny ABŞ-nyň “777 Partners” maýa goýum gaznasynyň satyn aljakdygy habar berildi. Amerikaly işewürler iňlis toparynyň paýnamalarynyň 94 göterimini stayn alar.

Iňlis toparynyň eýran asylly Angliýanyň işewüri Farhad Moşiri bilen amerikaly işewürler toparynyň arasynda gepleşikleriň oňyn netijeler bilen tamamlanandygyny bellenildi.

Paýnamalaryň satylmagyna degişli işler Angliýanyň “Premýer Liga” çempionaty hem-de Angliýanyň Futbol federasiýasy tassyklanandan soňra ýylyň ahyryna çenli geleşigiň baglaşylmagy maksat edinilýär.

Bu geleşigiň başa barmagy bilen Angliýanyň futbol çempionatynda orun alan 20 toparyň ýarysy ABŞ-nyň kompaniýalaryna degişli bolar.

“777 Partners” maýa goýum gaznasynyň Italiýanyň “Ženoa”, Germaniýanyň “Gerta Berlin” bilen bir hatarda “Wasko de Gama”, “Standard Liege”, “Red Star” we “Melburn Wiktory” ýaly toparlaryň eýesidir.

“Ewerton” toparynyň paýdarlarynyň hatarynda 2016-njy ýylda goşulan Moşiri 2018-nji ýylda toparyň paýnamalarynyň 94 göterimini satyn aldy.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler