Peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda berkarar Watanymyz gözümiziň alnynda günsaýyn özgerýär. Gözümiziň öňünde bolup geçýän özgertmelere buýsançly göz aýlamak bilen bilelikde ähli wezipeleriň özeninde milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesiniň, Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesiniň durandygyny aýratyn bellemelidiris.
Täze taryhy döwrümizde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga, berkarar Watanymyzy gülledip ösdürmäge gönükdirilen tagallalar Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zamanyň ýokary amatlyklaryny özünde jemleýän döwrebap obalary we şäherçeleri gurdurmagy bagtyýar ildeşlerimizi eşretli durmuşda ýaşatmak ugrundaky tagallalaryndan gözbaş alýar.
Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýylyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi täze ösüşlere badalga berýän taryhy pursada öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen bu maslahatda taryhy menzillere, gazanylan üstünliklere göz aýlanyp, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, halkyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini mundan beýläk hem gowulandyrmagyň, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň meselelerine seredildi.
Halk Maslahatynyň mejlisinde şäherleri ösdürmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjy öňe sürüldi. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda bu strategiýanyň täze eýýamda baş maksadymyza ýetmekde — halkymyzyň hal-ýagdaýyny dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmakda ýene-de bir möhüm ädim boljakdygyny nygtady.
Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň ýurduň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup kemala gelmekleri döwlet derejesinde hemişe aýratyn ähmiýet berilýän sorag bolmagynda galýandygyny, Garaşsyz Watanyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilip, şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylandygyny belläp, ýaşlaryň alyp barýan işlerine ýokary baha bermegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu ynam paýhasly pederlerimiziň döwletli ýörelgeleriniň dowamat-dowamdygyny, Watanymyzyň geljeginiň ynamly gollardadygyny şöhlelendirip, kalbymyzy nurlandyrýar.
Garaşsyzlygymyza eýe bolnandan soňra, öz ykbalynyň, eziz topragynyň, örän baý taryhynyň, ebedi ruhy gymmatlyklarynyň, döwletli ýörelgeleriniň hakyky eýesi bolandan soňra, halkymyz döredijilik gudratyny görkezdi. Türkmen halky mukaddes Garaşsyzlyga eýe bolmak bilen, ata-babalarynyň asyrlarboýy kalplarynda azat, özbaşdak döwlet baradaky arzuw-hyýallaryny durmuşda amala aşyrdy. Garaşsyz ösüş ýyllarynda Türkmenistanda öz raýatlaryny zerur zatlar bilen üpjün edýän demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň berk binýady tutuldy, onuň pugtalanmagy üçin möhüm ädimler ädildi.
Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, jemgyýetimiziň agzybirligini goramak, maksatnamalaýyn ösüşleri yzygiderli durmuşa geçirmek baş wezipelere öwrüldi. Bu gün okgunly ösüşler, ähli künjegi gurşap alan giň möçberli özgertmeler, täze gurluşyklar, halkara giňişligindäki üstünlikler bagtyýar döwrümizi alamatlandyrýar. Garaşsyz Watanymyzy toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülip, sazlaşykly ösüş üpjün edilýär. Milli ykdysadyýetiň esasy ulgamlaryny ösdürmek işleri durmuş ugurly wezipeleri çözmek bilen utgaşykly alnyp barylýar.
Türkmenistanyň ähli sebitlerinde giň möçberde ýaýbaňlandyrylan hem-de raýatlarymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen ägirt uly işler üstünlikli dowam etdirilýär. Syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, ylym-bilimde, saglygy goraýyşda, sportda, durmuş, kanunçylyk ulgamlarynda, ýangyç-energetika pudagynda ägirt uly ösüşler gazanyldy. Daşary ýurtlardan gelýän önümleriň ornuny tutup biljek önümçilikleriň we eksportyň möçberlerini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça çäreler alnyp barylýar. Bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky özgertmeler oňat netijeleri berýär.
Baýramçylyklar mynasybetli döwrebap binalaryň açylmagy asylly däbe öwrüldi. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» milli ykdysadyýetiň we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugruny gurşap, täze sepgitlere badalga berdi.
Şir Annaýew,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň uly mugallymy.