JEMGYÝET

Ertirlik üçin ýeralmaly peýnirli tagam

Mähriban okyjylar, men bu gezek size ertirlik üçin taýýarlanyşy aňsat we öýüňizde bar bolan zatlar bilen datly tagamyň taýýarlanylyşyny öwretmekçi.

Munuň üçin gerekli önümler:

  1. 4 ýa 5 sany orta ululykda ýeralmasy.
  2. 2 sany ýumurtga
  3. peýnir
  4. duz
  5. ýag

 

Taýýarlanylyşy: 

Ilki bilen ýeralmalarymyzyň daşyny artmaly we suwda biraz gaýnatmaly. Sähel bişiberende, ýeralmalary gazdan almaly we sowaýança az salym garaşmaly. Onýança, sajymyza azrak ýag guýup gazda goýalyň. Soňra ýeralmamyzy gyrgyjymyzdan geçirmeli, eger has ýumşak bolan bolsa çemçe bilen ezseňizem bolýar. Ondan soň bolsa, peýnirimizi gyrgyçdan geçirmeli we ýumurtgany çakyp garmaly. Garyndymyza öz islegiňize görä, biraz duz sepmeli. Taýýar bolan garyndymyzy isleseňiz, uly tegelek heýgenek şekilinde hem saja goýup bişirip bilersiňiz. Ýa-da bolmasa, bölek-bölek tegelejik kotlet şekilinde hep bişirip bilersiňiz. Gyzaryp reňk alyp ugrandan beýleki tarapyna öwürmeli.

 

Ine mähriban okyjylar, ertirlik üçin datly tagamymyz hem taýýar boldy.

 

Işdäňiz açyk bolsun!

 

 

 

Taýýarlan: Aýşirin Alyýewa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby

 

 

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady