JEMGYÝET

Ertir – ählihalk ýowary geçiriler

Paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreleriň çäklerinde 22-nji maýda ählihalk ýowary geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz belläp geçdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiz öz zähmetimiz bilen merjen paýtagtymyzy has gözel we arassa görnüşe getirmäge her birimiziň goşandymyzy goşmalydygymyzy aýtdy.

Munuň özi ak mermerli paýtagtymyzyň arassaçylyk, abadançylyk we ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagynda, baýramçylyk mynasybetli guralýan çäreleriň netijeli, ruhubelent häsiýete eýe bolmagynda ähmiýetlidir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ählihalk ýowaryna paýtagtymyzyň ähli ýaşaýjylarynyň, aýratyn-da ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň işjeň gatnaşmagy, ýaş nesilleriň watansöýüjilik ruhunyň belende göterilmegini we olara zähmet terbiýesiniň berilmegini hem-de arassa zähmete bolan söýgüniň ösdürilmegini şertlendirer.

 

Türkmenistan Russiýa bilen hyzmatdaşlygyny ösdürer

Related posts

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 6-njy konsultatiw duşuşygy geçiriler

Ata Watan Eserleri

Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň peýdasy

Ata Watan Eserleri

Tanyşdyrylyş dabarasy