MEDENIÝET

Ermenistanyň Jemgyýetçilik telewideniýesi Arkadag şäheri boýunça gepleşik taýýarlar

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Jemgyýetçilik telewideniýesiniň ýerine ýetiriji direktory Oganes Mowsesýan bilen duşuşdy.

Ilçi M.Aýazow O.Mowsesýana wagt tapyp duşuşany üçin minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistandan wekiliýetiň Jemgyýetçilik telewideniýesiniň “Ertiriňiz haýyrly bolsun” telegepleşiginde iki gezek myhmançylykda bolandygyny belledi. Bu telegepleşikleriň ermeni tomaşaçylaryny türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti we gadymy taryhy bilen tanyşdyrmak babatynda gowy mümkinçilik bolandygyny nygtady.

Gepleşikleriň ikisinde hem göni teleýaýlymda türkmen bagşylary türkmen milli saz gurallary bolan dutaryň we gyjagyň üýtgeşik owazlaryny çalyp görkezdiler.

Soňra Ilçi täze gurlan ägirt uly şäher gurluşyk taslamasy – Arkadag şäheri barada gürrüň berdi. Bu şäheriň dabaraly açylyşy şu ýylyň 29-njy iýunynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ilçi Arkadag şäheri, Türkmenistan we onuň paýtagty Aşgabat şäheri barada habarlary we telegepleşikleri taýýarlamak üçin Jemgyýetçilik telewideniýesinden wekilleri Türkmenistana çagyrdy.

Munuň telewideniýe arkaly ermeni halkynyň Türkmenistan bilen tanyşmagy we habarlylygyny ýokarlandyrmagy üçin gowy mümkinçilik boljakdygyny belledi.

Ilçi şeýle hem Jemgyýetçilik telewideniýesiniň işi bilen tanyşdy we muzeýe baryp gördi.

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi