BIZNES

Erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň maksatnamasy taýýarlanýar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Hökümet mejlisinde gözegçilik edýän düzümlerinde ykdysadyýetiň pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatyň dowamynda erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň we ösdürilmeginiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasy barada aýdyldy. Bu taslama “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenilen wezipelere laýyklykda işlenip taýýarlanylýar.

Häzirki wagtda erkin ykdysady zolaklar dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar we okgunly ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň hatarynda çykyş edýär. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin maglumatlary we tehnologiýalary alyşmak, ykdysady taýdan ýakynlaşmak işlerini çuňlaşdyrmak, halkara haryt dolanyşygyny artdyrmak babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky işi dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler