HEKAÝALAR

Erkek adamyň ysy (hekaýa)

Her gününi agraslyk bilen ätleýän obamyz özüniň birsydyrgyn meňzeş günlerini yzyna tirkäp şo-ol öňe gidip otyr.Göräýmäge ol şeýle ýaly görünse-de, ýigrimi bir öýüň ýigrimi birinde-de durmuş dürli-dürli. Ýöne soňky bir döwür obadan çykanlardan hiç hili habar-hatyr bolmansoň, hemmäniň pikiri şo bir pikir: «Eglenenleri owarram-la, aman-sag gezip ýörseler bolýar…» Onda-da aklaňdan aşyp odun ýygmaga gitmändiklerini bilýänleri üçin wagt geçdigiçe ilen-çalanlarynyň göwresiniň gör, nirelerde galjakdygy hakda islese-islemese pikir edýär.Pikir etmän nätsin? Tegelek ýylyň içinde geleni bary-ýogy üç hat. Olardanam göwün galkanok. Eger olaram gelmedik bolsa, onda näderdiň? Gowusy şum habar gelenden hiç zadyň gelmedigi gowy.Obamyza ilki hat ýollan  düýekeş – Guljumyk aga. Oňky şo bir heň. Özi gidensoň ýerine obanyň düýesini bakýan ogluna, zerur bolmasa, gara inere howut salmazlygy,  höwre diňe şony goýbermegi berk sargaýar.Ikinji hat Gartaň pälwandan. Ol özüniň Gulbedew agalara ýedi manat bergisiniň bardygyny, gyssagarada şony ýatlamandygyny aýalyna tabşyrýardy. Ýedi manat tapylmasa özüniň toýda geýýän aýnagonç ädigini satmaklaryny, ýöne gyssanyp, arzan bermezliklerini ýazýar.Anna ýöwsel bolsa, barynçalar şeýle köp ýoluň üstünden geçendiklerini, ýol şeýle köp bolsa-da, şolaryň içinde obamyza gaýdýan ýekeje ýoluňam ýokdugyny çyny blen ýazyp düşündirýär.Ýöne ynha birden «Bäh» diýlen ýaly, oba oglanlarynyň ählisiniň saçyny syran, özem kütek päki bilen agyrdyp syran, şonuň üçinem biziň hemmämiziň gaty bir halap barmaýan adamymyz – Wellek aga päki tutýan eli bilen eňeginiň gyllaýarysyny gör, nirelerde galdyryp duýdansyz geldi oturyberdi. Özem boş gelmän,  bir topar jäjekleri döşünden asyp geldi.Wellek aganyň gelmegu bilen biz uruşda ýeňip üstün çykana döndük. Azajygam bolsa obamyz ekezlenen ýaly boldy. Ilkinji frontçy eňeginiň ýarysyny goýup gelenem bolsa, oňa derek biçak köp gürrüňi özi bilen alyp geldi.Öň obada dili batly diýlip, kän bir sözüne pitiwa edilmeýän Wellek aganyň daşy gelen gününden başlap adamsyz bolmady. Bizem, öň saçymyza kütek päki bilen-ä däl, hut ezmän gurulygyna, tersine syranam bolsa, häzir onuň her bir sözüne, her bir hereketine aýratyn hormat goýýarys. O gün ony sylamaýan ýok. Hatda obamyzyň iň garry iti – Baltagam ony tanap, çal şineliniň gyrasyny ysgaşdyrdy. Ýeke bir ysgamak däl, niçeme ýyldan soň ony tanansoň, olam edil biz bilen deň frontçynyň tam kepbesine girmäge hukuk gazandy.Şeýle bagtly pursatda, Wellek aganyň aýaly Gyzsoňy ýeňňä seretmek hasam ýakymlydy. Ol töweregine bildirmejek bolup, adamsynyň döşündäki jäjeklere öwran-öwran seredýär. Gapböwürdäki çuwaldan onuň mazalyrak egin-eşigini alyp egnindäki ülhüdi çykan soýkasyny çalşyrtjak bolýar. Ýene-de döşündäki apbasylara seredip, goýbolsun edýär. Ýene-de durup bilmän, çuwaly dörýär. Ýöne, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, ondaky eşikleriň hemmesini indi ýamamaly. Onsoň ol begenjinden ýaňa ellerini saňňyldadyp, gyzynyň bir ýerlerden tapyp getiren sapagyny kör iňňeden geçirjek bolýar. Ýöne içiňi ýakaýyn diýen ýaly sapagam teý geçenok.Uzak wagt geçmänkä, Wellek aganyň edermenligi agyzdan-agza geçip oba aýlanmaga başlady. Onuň ýoklan nemesleriniň ädigini toplasaň, tas obamyzyň hemmesi diýen ýaly gyşa çenli täzeje ädikli boljak diýip gürrüň edilýärdi. Ýarasy känmi, ordeni känmi, düşer ýaly dälmiş. Uruşda şol öz ajalyňy özüň gözläp ýörmelimiş…O taýda-da eliniň degen wagty ýoldaş Staliniň – uly komandiriň saçyny syryp berýärmiş. Sebäbi uly komandiriň özi: «Uruşda hemme adama kelle ynanyp bolanok» diýip, hut özi Wellek aga göwni ýetensoň, diňe şoňa kellesini ynanýarmyş.Obamyzyň bäri başyndan başlanan gürrüň dolanyp yzyna gelinçä, Wellek aga bolmasa orsuň ýurdy bir ýüzli bolaýjak ýaly daba-dabasy ýetýärdi. Bi gürrüňlere monça bolýan Wellek aga-da hasam gylawlanýar: «Gaýtjak däldim, ýoldaş Staliniň özi: «Kiçi seržant Wellek, bystro domoý» – diýdi. Seniň sag eliň bolmasa, indi päki tutup bilmersiň. Koneçno häzir seni goýbermek maňa-da žalko, uruşda öňýetene kelläňi ynanybermeli däl»… diýip, baştutanlarynyň çyny bilen gynanyp galanyny, gaýgylandyryp aýdýardy.Aýaly Gyzsoňy ýeňňäniň ýanynda hasam ekezlenmek üçin şeýleräk gürrüňleri tapyşdyrýar: «Gaýtmasyna gaýtdym welin, hiç ynjalygym ýok. Yzymda bulaşdyraýmasalaram biridir, oglanlara berkiräk duraweriň diýib-ä tabşyrypdym… Bilemok, birki günden ýene ýola düşübermegimem ahmal, özüň bolmasaň oglanlyk edäýmekleri mümkin»…

Däriniň ysyny alan adamynyň sözüni eşitmek üçin goňşy obalardanam adamlar gelýärdi. Onsoň Wellek aganyň abraýy öňküsindenem artýar. Garaja öýüň içinde-de, ýoluna göz dikdiren maşgalabaşynyň hormatyna ýene şatlykly dyngysyz alada başlanýar. Her kim bir zat soraýar. Wellek aga-da ýalan-u-çyn jogapsyz goýmaýar.Galaba gürrüň Wellek aganyň bitginli komandiri hakda, onuň saçyny syryşy barada barýar. Wellek aga onuň ýeňsesini almak üçin üç päkiniň gerek bolýandygyny düşündirýär. Töwerek bolsa onuň «häsini» ýetirip, hasam gylawlandyrýar.

– Modna pälwanam şo täwür adam bolan, saçyny syrmak üçin tutuş bir gün gerek – diýip, köneräk adamlar gürrüň ederdiler. Bu-da, şo kysmy bir äpet borly…

– Gara zaluwat, erkek gandym ýaly biten bir zat eken-ow.

– Ýogsa-da, ol nirelikä?

Wellek aga ony şobada nagt etdi. Hatda sowal berene gözünem alardyp ýetişdi.

– Nireli bolsun, barypýatan gumly, birhili çarwalaňky ýaly gözünde gamgyndan gelen sadalyk bar. Özem dözümsiz…

Men durup bilmän dillendim.

– Ol gürjüstandan, özem gürji…

Wellek aga meniň al-petimden aldy.

– Kimäýt bi, Hommatgulyň gaýyňy ýaly hälden bäri aňalyp oturan…

Soň ol meniň göni gözüme seretdi.

– Kim aýdýar onuň gürjüdigini?

– Şahy mollum…

– Şahy mollumyň bilýän zady barmy näme? Ol näme sallat soýkasyny geýdimi. Gürjüleriň ýurdy gara daş diýýäler-ä. Heýem bir, gaty ýerden adam çykarmy… Senmi diýdiren adamlary ýumşaksy ýer – biziň ak çägelerimiz çykarýandyr.

Men geplemedim.

Häzir Wellek aganyň – ýeke-täk frontçynyň sözi obamyzda kanundy. Şonuň üçin oturanlaryň hemmesi ony tassyklady.

– Şeý diýsen-äý, üç päkini küteldip bilýän diňe çarwada bolup biler.

– Ýogsam näme, bu biziň gumumyz adam çykýan ýer-ä. Göroglyny görmeýäňmi, ol tüýs gumuň jümmüşinden çykan. Sebäbi atasy Jygaly beg seýis-dä. Çarwanyňam asly seýisçilikden gaýdan bolmaly. Duşmana per bermedik Keýmir ata-da gumly. Nedir türkmenem öň mal yzynda gezipdir.

Şeýdip gözleri sada, dözümsiz uly komandir gumly bolup galýar-dy.

x x x

Wellek aganyň gelmegi bilen obamyzyň ýüregi az-kem düşüşenem bolsa, wagt geçdigisaýy mojuk habarlar eşidilip başlady. Şondan uzak wagt geçmänkä iki adamyň – Guwwan uzynyň uly ogly bilen Goýunsüren aganyň ýesir düşendigi hakda ajy habar geldi. Azajyk soňurragam Guljumyk aganyň dereksiz ýitdi diýen habary gowuşdy. Ýene bir toparyna bolsa ýat ilde müdimilik galdy diýlip dil ýaly hat geldi. Şeýdip gidenleriň birentegi dolanyp gelmän obamyz boşap galdy.Asyl adam hemişe ýakymsyz habar eşidip dursa dagdy bolaýjak eken. Eşidilýän gürrüňleriň hijisem şatlyk getirmänsoň obamyz birden gorkak boldy. Şonuň üçin äwüp-säwüp ýaraly bolup gelen adam goňşy obalarda-da bar bolsa, hemmeler şol ugra eňip, öz ilen-çalanlarynyň takdyryny biljek bolýardy. Her kim köneje çal şinelli adama gorky gatyşykly hormat bilen seredip, onuň her bir sözüni howatyrlanyp diňleýärdi.Ewla düşen kişi köneje şineliniň ýeňini dyrmalap: «Bu uruş-da»… diýeninden oturanlaryň biri hünübirýan aglap, oba ylgaýardy. Şol gün bir topar çaga ýetim galýardy, şol gün bir topar çaga birden uly adam bolýardy…

x x x

Meretliniň «dereksiz ýitdi» diýlen habary Gülsün ejäni ýaňrak hem adamdy diýdiren, diýseň ynanyp bolmajak derejä ýetirdi. Onuň ýüzündäki sessiz gynanç, umytdan hem tamadan doly garaýyş, obamyzyň çekýän ähli jebir-jepasyndan agyr geldi. Häzir onuň aýak üstünde gezip ýörenligem diriligine şaýatlyk edýän ýalydy.Adam ölüminiň ýa-da başga bir apatyň çakylygyny öňünden aňýan eken. Gülsün eje gumly zenanlaryň hiç wagt etmejek, pynhandan-pynhan saklap ömri bilen alyp gidýän zady – ulugyzlyk dünýesi hakda, ilkinji syny düşen oglany hakda, ak çägeleriň içinde peýda bolan syr hakda samramany çykardy. Bu samramalar, bir seretseň-ä başyna bela inen adamyň ýüregiňi paraladýan arzy ýalydy, bir seretseňem, eýýämler ýatdan çykan köne heňňamyň owazy ýaly täsindi. Beýle ýagdaýy görüp  bilmek, meniň ýaly oglan-a däl, uly adamynam hyrçynyny dişletjek. Şonuň üçin men her gün aladaňdanlar gijä galyp gelýän Meretlini görerin diýen umyt bilen obamyzyň ilersindäki gädige seredýärdim. Ýöne, barybir tamam puja çykýardy…

x x x

Daňlar täze-täze aladalar bilen atýardy. Ne umyt bar, ne-de alaç. Her gün rehimsiz gijeler haýallyk bilen bildirmän labryny atýar. Gülsün eje-de enelere mahsus mertlik bilen ony garşy alýar. Ýene Gün dogýar, ýene-de hasratly pikirler gijäniň tümlügine siňýär. Düňle çöl bolsa özüniň elhenç asudalygy bilen oňa ejir azabyny berýär.

x x x

Şeýdip hallan atylyp ýörlen günleriň bir güni Gülsün eje meni ýanyna çagyrdy.

– Öwekge, bärik gel…

Men gorka-gorka kepbäniň içine ätledim. Tam kepbeden – erkek adam girip-çykmaýan öýden nähili ys gelýän bolsa, şo hili – ýer ysymy, çyg ysymy, zeý ysymy – düşnüksiz ys burnuma urdy.

Gülsün eje gap böwürde duran köneje torbadan, onuň özündenem köne düwünçek çykardy. Ol sandyrap duran barmaklary bilen düwünçegi çözjek boldy. Görnüşinden ol pugta daňylan eken. Şonuň üçin dişlerini ulanmaly boldy. Düwünçek sürülen kentlewe-de per bererli däldi. Ýöne garrynyň oňa yhlas bilen ýapyşmasy her näme bolsa-da, alman gaýdarly däldigini görkezýärdi.Düwünçekden Meretliniň çilim haltasy çykdy. Ol urşa gitmeziniň öňküsi güni, şol haltadan mahorka dolanyp uzak gün çilim çekipdi. Gülsün eje oňa ogluna seredişi ýaly, esli salym seredip durdy. Soňam ony kagyza dolap otlady. Öýüň içini temmäkiniň lezzetli tüssesi gaplady. Gülsün eje tüsseleriň arasyndan gelejegiň takdyryny okaýan ýaly gözlerini süzdi.

– Öwekge, me al-da çek… Sen indi uly adam bolduň… Öýden erkek adamyň ysy gelsin… Erkeksiz galan öýleriň hemmesine ýekän-ýekän girip çyk… Erkek adam girip-çykmaýan öýden ýowuzlygyň – aýralygyň ysy gelýär…

Mundan öň çilim-nasdan daşda gezgin diýýän Gülsün eje, hut öz agzy bilen şu sözleri aýdýardy. Men uzak wagt üsgürip, temmäkini içime dartdym. Gülsün eje bolsa, meniň bolşuma seredýärdi.

– Çekiber, Meretlim gelensoň özi çeker…

Men indi her gün erkeksiz – gugaryp galan öýlere girip, çilim tüssesini saralyp giden diwarlara siňdirýärdim. Erkek adamyň eli degmedik sütünleri sypalaýardym. Çepiksije oglantak ellerim bilen sallançak bagyny üwreýärdim.

Gülsün eje onuň bilenem oňman, özüme biçak uly bolýan Meretliniň donudyr telpegini geýdirdi.

– Mal-garalaryň arasyna-da, agyllaň töweregine-de aýlan. Erkek kişini görmese olaram beleň aljak bolup dur… Özüňem uly adam ýaly üsgürinjire… Ardynjyra…

Ol ýarym-ýarçyk bolan dodagyny diliniň ujy bilen ýalap, ýuwaşja pyşyrdady. Men pyşyrdynyň arasyndan şeýle sözleri eşitdim.

– Obamyzyň erkek göbeklisi entek doly tükenäýen däldir…

Şo sözler şeýle bir zarynlanyp boýunburyjylyk bilen aýdylýardy welin, şo dem onuň gözüniň öňüne gussa gaplady.

Men indi obamyzyň hem-ä ýaşulysy hemem ýumuş oglany. Indi her gün irden erkeksiz öýlere ýekän-ýekän girip üsgürinjireýärdim, ardynjyraýardym.

Günler başarylman ýazylan hekaýa ýaly buýur-bulaşykdy. Hiç bir zat, hatda has möhüm waka-da ýadyňda galanok. Her gezek erkegi boşan öýe  giremde, duluň garaňky çüňki süýji agyry bilen maňa seredýär. Bi görnüş meniň oglantak ýüregimi mynçgalap ümdüzine gaçasymy getirýär.

Her gün sabyrsyzyk bilen daň atýar. Her günem şeýle ýagdaý gaýtalanýar. Meniň oglan göwnüme şeýle ýaly bolýarmy, ýa hakykatdanam şeýlemi, obamyzyň itlerem tukat üýrýär, pişiklere çenli pessaý mawlaýar. Eý görýän sähramam mährem enäniň eli ýaly mylaýym däl…

Ömre goşulmaýan şeýle günleri başdan geçirip ýörkäm Gülsün eje Meretliniň geýim-gejimini gujaklap oturyşyna ol ömründe etmeýänini edip, ilki çalaja aglady. Soňam ümsüm sährany oýandyrmak isleýän ýaly, myrtar sesini edip möňňürdi. Titräp, esli salym aglap oturdy-da, birden hiç zat bolmadyk ýaly şeýle diýdi:

– Öwekge, men näme diýjekdim-ä?!

Ykbal ondan bolmalysyndanam artyk zat talap etdi. Gülsün ejäniň akly üýtgedi. Şondan soň onuň agzyndan çykýan diňe bir oýnam söz boldy.

x x x

Obamyz indi her gün Wellek aganyň: «Gulakçekgesine türkmençeläp ýelmedim welin… » diýen sözlerini eşidýär.

Obamyz indi her gün Gülsün ejäniň: «Öwekge, men näme diýjekdim-ä…» diýýän sözleri bilen ýatyp turýar.

Obamyz indi her gün içlerini gepledip, guýa barýan aýallaryň howsalaly pyşyrdysyna üýşenýär…

x x x

Eý, meniň syrdan hem tukatlykdan hiç haçan ýazylyp bilmeýän pukara obam. Bir döwürler seniň goltugyňdan sogrulyp gaýdan ogluň, seniň öňüňdäki müňde bir günäsiniň ujypsyzja bölegi ýalkanar tama bilen saňa salama barýar. Ýazygyny öt-de, ony kabul et!

x x x

Ýatlamalar ýatlanmaýar, olaryň özi gelýär. Ýyllaryň beýnime guýan zatlary obama alyp barýar. Meni bada-bat özüne çeken Gülsün ejäniň tam kepbesi boldy. Kepbe şol durşuna meniň oglanlykda gözümiň ganan keşbinde durdy. Bir üýtgän zat, daşy täzelikde saman suwag bilen suwalypdyr. Kepbäniň içinde Gülsün eje kündük ýalyjak bolup otyr. Ol ellerini kölegeledip ýüzüme uzak wagt seretse-de, tanamady. Dodaklary nämedir bir zat diýip gymyldady. Men aňşyrman Üpük gojanyň ýüzüne seretdim. Goja şol bir wagtky maňa tanyş bolan sözleri aýtdy.

– Öwekge, men näme diýjekdim-ä?!

Depämden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Üpük goja ajy ýylgyrdy. Gülsün ejäniň kepbesi daram bolsa köp adam sygdy. Üpük goja, Gartaň pälwan, Wellek aga, Anna ýöwsel, Ýelli ýetişikli… Hatda Baltaga çenli gapynyň öňünde ýatyr.

Wellek aga ýüzüme mölerildi.

– Eý, Öwekge, bi senmäý, saňa hemme zat hakda ýazýar diýýärler. Sen şeýle köp ýazsaňam, näme üçin meniň şo uly komandiriň saçyny syryşym hakynda ýazaňok… Ýogsam iller maňa ynananok…

Men degişdim.

– Şo daýaw komandiriň nirelidigini aýtsaň ýazaýyn…

Wellek aga çyny bilen jogap berdi.

– Nireli bor öýdýäň, barypýatan gumly. Biziň ýaýlamyzdan adam çykýar-a…

Men ýylgyrdym.

 

                  Öwezmyrat ÝERBENDI. 

     

 

Ýene-de okaň

Ýowuz gözellik (hekaýa)

Gurbanlykda (hekaýa)

Kitjin (hekaýa)

Gökdepe  Nowella (hekaýa)

Obamyň ysy (hekaýa)

Ýeňiş (hekaýa)