TEHNOLOGIÝA

Eplenýän telefonlar

Dünýäniň ägirt uly “Samsung” we “Huawei” kompaniýalar, eplenýän telefonlary öndürildiler, indi bolsa dünýä belli “Apple” kompaniýasy hem eplenýän telefonyny çykarmak isleýär, emma bular ýaly telefonyň görnüşini entäk hödürlemedi. Täze “iPhone” telefonynda ekranyň ýokarsynda döräp biljek çyzyjaklary, öz-özüni bejerip biljek ekran ýerleşdirerler. “Apple” kompaniýasy eýýäm “Samsung Display” -den köp çeýe ekranlary sargyt edendigi we ony azyndan bir ýyl synag etmegi meýilleşdirýändigi barada habar berdi. Çeşmeler ilkinji gezek eplenýän “iPhone” akylly telefonlaryny indiki ýyldan başlap ulanyşa goýberip başlajakdyklaryny çaklaýarlar. Häzirki wagtda kompaniýa Hytaýyň ägirt uly dükany “Tmall” tarapyndan görkezilen “iPhone 12” görnüşiniň tanyşdyrylyş dabarasyna taýýarlanýar. Bu telefonyň tanyşdyrylyş dabarasy 13-nji oktýabrda geçmegine garaşylýar, şeýle hem täze telefonyň sargytlary 16-njy oktýabrdan başlap bilner.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýada kiçi çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar

Ata Watan Eserleri

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär