DÜNÝÄ

Entoni Blinken Prezident Serdar Berdimuhamedowy gutlady

Şu günler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinden we daşary ýurtlardan köp sanly gutlag hatlarydyr telegrammalary gelip gowuşýar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkin hormatly Prezidentimize gutlag hatyny iberipdi. Entoni Blinkin Birleşen Ştatlar türkmen ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak işinde Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşy hökmünde çykyş etmäge taýýardygyny belläp geçipdir. 

HORMATLY PREZINDENTIMIZIŇ ADYNA GELEN GUTLAG HATLARY:

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli, Size Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň türkmen halky bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga üýtgewsiz ygrarlydygy baradaky ynandyrmalarymy beýan edýärin.

Şu ýylda ýurtlarymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýärler we men howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, adam hukuklaryny goramak we ilerletmek hem-de medeni mirasy gorap saklamak ýaly ugurlarda özara gatnaşyklarymyzyň ösdürilýändigine şatdyryn.

Biziň Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy we ykdysady taýdan goşulyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen umumy strategik maksadymyz bar. Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn esasda we “C5+1” görnüşde Türkmenistanyň we sebitiň ornunyň pugtalandyrylmagyna, howpsuzlygyň hem-de sebitara gatnaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginde hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine umyt bildirýärin.

Birleşen Ştatlar türkmen ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak işinde Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşy hökmünde çykyş etmäge taýýardyr. Biz Siziň Alyhezretiňiz hem-de türkmen halky bilen bu ähli başlangyçlarda hyzmatdaşlyk etmäge umyt edip, öňümizdäki ýylyň netijeli boljakdygyna ynanýarys.

Hormatlamak bilen,

Entoni BLINKEN,
ABŞ-nyň Döwlet sekretary.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösüş ýoly bilen öňe gitjekdigine berk ynanýaryn.

Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistan 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri dostluk we ynanyşmak esasynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Ýurtlarymyzyň arasynda özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Siziň bilen ýakyndan gatnaşyk saklamaga umyt edýärin.

Size berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Mun Çže IN,
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Jenap Prezident!

Size Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli gutlaglarymy beýan edýärin hem-de Size berk jan saglyk we üstünlik, türkmen halkyna bolsa rowaçlyk arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Rumyniýanyň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini bellemek hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini goldaýandygymy tassyklamak isleýärin.

Size jogapkärli wezipäňizde üstünlik arzuw edýärin.

Jenap Prezident, Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Klaus Werner ÝOHANNIS,
Rumyniýanyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Size Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy ibermäge şatdyryn, şeýle hem iň ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky özara hormat goýmaga we netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklarymyza ýokary baha bermek bilen, ony ähli ugurlar boýunça pugtalandyrmagyň bähbidine Siziň Alyhezretiňiz bilen bilelikde işlemegi maksat edinýändigimi ynandyrmak isleýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

MOHAMMED VI,
Marokkonyň Patyşasy.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Ýakynda Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawlaryndaky ýeňşiňiz mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy we arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkynyň bähbidine işleriňizde uly üstünlik arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, iki dostlukly ýurduň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyna ýokary baha berýändigimi hem-de Bahreýn Patyşalygy bilen Türkmenistanyň arasynda umumy bähbitlere laýyklykdaky gatnaşyklaryň pugtalandyrmagyny dowam etmegi maksat edinýändigimizi bellemek isleýärin. Şeýle hem Türkmenistanyň halkyna mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Salman bin Hamad AL-HALIFA,
Bahreýn Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy we Premýer-ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli Sizi gutlamaga örän şatdyryn.

Siz köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň üstünlikli ösüşini üpjün eden görnükli kakaňyzyň mynasyp dowamatysyňyz. Siziň baý iş tejribäňiziň we bilimiňiziň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň doganlyk halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine berk ynanýaryn.

Şeýle hem Sizi Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat we iň ýokary döwlet wezipesinde üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa bagtyýarlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Mintimer ŞAÝMIÝEW,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Size Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden we mähirli gutlaglarymy, şeýle hem iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür, doganlyk türkmen halkyna bolsa rowaçlyk, abadançylyk we Siziň parasatly baştutanlygyňyzda durnuklylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, tüýs ýürekden hormatymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Emir Muhammed ben Saad ben Halid AL-SAUD.
Saud Arabystany Patyşalygy.

 

Çoganlyda nobatdaky ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyşy

Ýene-de okaň

2024-nji ýylda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Argentinanyň Prezidenti Italiýanyň raýaty boldy

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy