DÜNÝÄ

Emomoli Rahmon ýene dalaşgär

Täjigistan Respublikasynyň häzirki Prezidenti Emomoli Rahmon öňde boljak Prezidentlik saýlawlaryna resmi ýagdaýda öz dalaşgärligini goýdy. Bu barada ýurduň ýokary saýlaw edaralary tarapyndan şu gün habar berildi.

Mälim bolşy ýaly, Täjigistanda Prezident saýlawlary 11-nji oktýabrda geçiriler. Saýlawlarda ýurtda hereket edýän iri syýasy partiýalaryň dördüsinden we beýleki hukukly guramalardan dalaşgärler görkezilýär. Ýeri gelende aýtsak, Täjigistanda Prezident 7 ýyl möhlet bilen saýlanylýar.

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndaky syýasy ýagdaýlardan soňra 1994-nji ýylda Prezident saýlanylan Emomoli Rahmon bu wezipäni şol ýyllardan bäri alyp gelýär.    

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy