TEHNOLOGIÝA

Emeli aňyň mümkinçilikleri

2014-nji ýylda işe girizilen “Generative Adversarial Networks” atly emeli nerw ulgamy, aslynda ýaşamadyk, ýöne seredeniňde hakyky ýaly ýasama adam şekillerini öndürip bilýär. Döreden ýasama adamyny gürledip we hereketlendirip bolýar. Mundan ozal adama meňzeş şekilleri grafiki dizaýn we 3D programma üpjünçiligi arkaly döredilip bolýardy. Şeýle-de bolsa, bu “GAN” emeli nerw ulgamynyň döredilen ýasama adamyny hakyky adamlardan asla tapawutlandyrmak kyn we ony dizaýn etmek üçin birnäçe gün, hatda birnäçe aý wagt gerek bolmaz. Diňe hakykatdanam ýaşap geçen we emeli intellektual şekilleri görkezýär we adam şekliniň nähili bolmalydygyny öwrenýärler we täze adam ýasamakda derrew şekil döredýärler. Munuň üçin “Autocad”, “3D Studio Max” ýa-da “Unity” ýaly programmalary öwrenmek hökman däldir. “Adversarial Generator Networks (GAN)” emeli ulgamy bilen diňe bir adamyny döretmän, eýsem onuň kömegi bilen iň owadan binalary görkezip, binanyň iň gowy suratyny döredip bolýar. 2014-nji ýyldan bäri 2000-den gowrak “GAN” emeli ulgamy bilen baglanyşykly ylmy makalalar neşir edilipdir we häzirki wagtda ýüzlerçe ylmy gözlegler dowam etdirilýär.

 

Tirkeş Mätnazarow: Maksadym şowsuzlyklardan ýokarda

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Hytaýda pensionerlere robotlar kömek eder

Ata Watan Eserleri

“Samsung” kompaniýasy telewizorlaryna emeli intellekt tehnologiýasyny ornaşdyrar

Ata Watan Eserleri

“Ericsson”: 6G ulgamy 2030-njy ýylda durmuşa ornaşdyrylar

Hindistan 2040-njy ýylda Aýa kosmonawt iberer

“Nissan”, “Honda” we “Mitsubishi” birleşýär

Hytaýda 5G ulanjylaryň sany 1 milliarddan geçdi