TEHNOLOGIÝA

Emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalary işläp taýýarlanylýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Şonda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, dünýäde sanly tehnologiýalaryň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde emeli aňy ösdürmek boýunça milli çemeleşmeler uly ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalaryny işläp taýýarlamagyň, emeli aňyň subýektleriniň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň, şol sanda döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny, hukuklaryny, borçlaryny, jogapkärçiligini kesgitlemegiň, emeli aň tehnologiýalary we önümleri üçin milli ülňüleri hem-de tehniki kadalaşdyryjy namalary işläp taýýarlamagyň zerur bolup durýandygy bellenildi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, pudaklara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, şunuň bilen baglylykda, emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhüm bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Soňky 3 ýylda emeli Intellekt baradaky çaklamalar näderejede üýtgedi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Hemişe onlaýn: «TELECOMWIFI» we «TM CELL»-iň amatly internet teklipleri

«Türkmentelecom» «bulut» infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini artdyrýar

ABŞ-ly kompaniýa Aýda myhmanhanalar gurmagy meýilleşdirýär

“Teltronic” Türkmenistanyň esasy pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň mümkinçiliklerini görýär

Pekin emeli aňyň paýtagtyna öwrüler