DÜNÝÄ

Emeli aň geňeşçisi bolan ilkinji syýasy lider

Rumyniýanyň Premýer-ministri Nikolaý Çuke emeli aň geňeşçisinden maslahat alan dünýäde ilkinji syýasy liderdigini mälim etdi. ION diýlip atlandyrylýan aýna şekilli emeli aň ulgamy, rumyn alymlary tarapyndan işlenip düzüldi. Ýurduň hökümet başlygy bu emeli aň geňeşçisiniň kömegi bilen ilatyň “pikirlerine we haýyşlaryna” çalt jogap berip biljekdigini aýtdy.

Rumyniýanyň premýer-ministri Nikolaý Çuke emeli aň bilen işleýän Ministrler Kabinetiniň täze agzasyny tanyşdyrmak bilen hemmeleri haýran galdyrdy.

Rumynlar özüniň pikirlerini web sahypasy (ion.gov.ro), şeýle hem jemgyýetçilik torlary we beýleki internet meýdançalary arkaly iberip bilerler. Emeli aň arkaly döredilen geňeşçi bu pikirleri jemläp, hökümetiň garamagyna hödürlär. Ýöne ulanyjylara emeli aňdan jogap alyp bilmeýärler.

 

Ýene-de okaň

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy