DÜNÝÄ

Elektroulaglar üçin batareýa önümçiligine girişer

Ýewropa Bileleşigi elektrik awtoulaglary üçin elektrik akkumulýator pudagyny ösdürmek boýunça 2,9 milliard ýewro maýa goýum sarp eder diýip, “Euronews” habar gullugy habar berýär. Ýewropa Bileleşiginiň şeýle maýa goýumlarynyň esasy maksady, 2050-nji ýyla çenli atmosfera zyýanly zyňyndylary azaltmak isleýärler.

Ýewropanyň sanly ulgamyny ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Margret Westager, bu mowzuk boýunça şeýle belleýär: “Ýerine ýetiriljek işler ekologiýa, sanly we dowamly durmuş ýörelgesine geçmek üçin taryhy pursat bolar. Hususan-da howa meselesini çözmek üçin dünýämizi nähili iýmitlendirýändigimizi, öýlerimizi nädip ýyladýandygymyzy, syýahat etmegimizi we hereketimizi üýtgetmelidiris”.

Bu taslama gatnaşýan Awstriýa, Belgiýa, Horwatiýa, Finlýandiýa, Fransiýa, Germaniýa, Gresiýa, Italiýa, Polşa, Slowakiýa, Ispaniýa we Şwesiýa ýaly ýurtlar, magdançylykdan – elektrik akkumulýatoryny öndürmek we gaýtadan işlemek ýaly ähli önümçiligine goşandyny goşarlar. Soňky maglumatlara görä, 2025-nji ýyla çenli Ýewropanyň elektrik akkumulýator bazarynyň mukdary 250 milliard ýewro ýetip biler.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy