BIZNES

Elde hat ýazyp 1 milliard dollar gazandylar

2011-nji ýylda germaniýaly üç dost tarapyndan döredilen «Celonis» kompaniýasynyň elindäki serişde bu gün 1 milliard dollara ýetýär. 8 ýylda şunça mukdarda pul gazanmagyň gözbaşynda el bilen ýazylan hatlaryň durandygyndan habaryňyz barmydy? Ýok bolsa, bu gün tehnologiýa dünýäsiniň läheňleri bilen işleşýän kompaniýanyň döreýşi hakyndaky maglumatlar siziň ünsüňizi çekip biler. «Ählisi şeýle başlady…» diýip, bu barada BBC şeýle habar berýär.

Aleknsadr Rink 2011-nji ýylda iki dosty Martin Klenk we Bastian Nominaçer bilen bilelikde «Celonisi» döredende, heniz 22 ýaşyndady. Germaniýanyň Mýunhen tehniki uniwersitetinde matematika we kompýuter hünäri boýunça tamamlan dostlar talyplyk ýyllarynda başlan ylmy taslamasyny dowam etdirmek kararyna geldiler. Şeýlelikde, ýokary tehnologiýalara daýanýan, emeli aňy ähli mümkinçilikleri bilen peýdalanýan «Celonis» atly magdan kompaniýasy emele geldi. «Celonisiň» tehnologiýalary bilen magdan känlerinde alnyp barylýan işlere gözegçilik etmek ozalkysyndan ep-esli ýeňilleşdi. Üç dost bu işiň başa barjakdygyna ynanýardy, ýöne arkaň bilen dagy göterýän bolsaň, işewürlikde müşderi tapmak aňsat däl.

Dostlar bu işiň çäresini müşderilere elde hat ýazmakdan tapdylar. Ilkinji ädimler barada Aleksandr Rink şeýle gürrüň berýär: «Eger müşderilerimiz e-mail ibersek, onuň okalman pozuljakdygyny ýa-da kompýuterde ýazyp ibersek, kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň kätiplerinden, hatlar bölüminden aňry geçmejekdigini bilýärdik. Ýöne elde ýazylan hat adama başgaça duýgy bagyşlaýar. Ony hiç kim ilkinji müşderilerini gözleýän öwrenje kompaniýadan däl-de, ýakyn dostlarynyň birinden gelen hatdyr öýdüp, uly gyzyklanma bilen okaýar. Şeýdip hem biz müşderilerimiziň ünsüni özümize çekip bildik».

Elde ýazylan hatlar okaldy, olara üns hem gönükdirildi. «Celonis» gysga wagt soňra Germaniýanyň uly kompaniýalarynda duşuşyklary geçirip, öz alyp barýan işleri bilen tanyşdyryp başlady. BMW, «Exxon-Mobile», «General Motors», «L’Oreal», «Siemens», «Uber», «Vodofone» ýaly dünýä belli kompaniýalar «Celonisiň» müşderileri boldular. Ýaňy 8 ýaşly kompaniýa diňe geçen ýylyň özünde 50 million dollarlyk maýa goýuldy. Şeýlelikde, bu «Celonis» 1 milliard dollar serişde ýygnan «milliarder» kompaniýa. Häzir kompaniýada 400 işgär zähmet çekýär. Kompaniýanyň indiki maksady Ýaponiýa bazaryna çykmak.

Ýene-de okaň

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy