SIZDEN GELENLER

«EKSPO — 2020»: iň gowy pawilýon

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçen ýylyň 1-nji oktýabrynda açylan «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisi şu ýylyň 31-nji martynda öz işini tamamlaýar. 6 aýyň dowamynda bu giň gerimli gözden geçirişi guraýjylar sergi pawilýonlaryny, güýmenje we interaktiw tomaşalary, bilim, aýdym-saz we tans çykyşlaryny öz içine alýan şowhunly çäreleri hödürlediler. Olar bu ýere gelýän myhmanlara dünýä halklarynyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, şeýle-de ykdysady ösüşi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.⠀

Internet maglumatlaryna berilýän maglumata görä, “EXHIBITOR” žurnaly Dubaýdaky bu iri serginiň iň gowy pawilýonyny saýlady. Şoňa görä, Saud Arabystanynyň pawilýony ýokary baha mynasyp boldy.

Neşir pawilýonyň giňligi, dizaýny hem-de ekspozisiýanyň görkezilişi boýunça baha berdi. Şonuň netijesinde, Saud Arabystanynyň pawilýony öňdebaryjy boldy.

Bilşimiz ýaly, ozal hem Saud Arabystanynyň pawilýony 3 gezek Ginnesiň rekordyny goýdy. Ol iň uly interaktiw yşykly pol, iň uzyn interaktiw suwly üçek we iň uly sanly ekrany bolan interaktiw aýna bilen öňdeligi eýeledi.

«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň geçirilýän döwründe Saud Arabystanynyň pawilýony 4 milliondan gowrak myhmany kabul etdi. Myhmanlar Patyşalygyň geçmişi, şu güni we geljegi barada giňişleýin maglumat aldylar.

Türkmenistan döwletimiz hem indi birnäçe gezek bäri «EKSPO» sergilerine üstünlikli gatnaşyp gelýär. Şol sergilerde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň gazananlaryny giňden görkezmäge mümkinçilik berýär.

Dubaýda geçirilýän «EKSPO — 2020» şu güne çenli iň görnükli, iň şowhunly we iň ajaýyp sergileriň biri hasaplanýar. Ol Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa sebitinde guralan ilkinji Bütindünýä sergisidir. «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygarda geçýän nobatdaky sergi «Ykjamlyk», «Dowamlylyk», «Mümkinçilik» diýip atlandyrylan üç toplumdan ybaratdyr.

Rahym Handöwletow, TOHU-nyň talyby. 

 

Pyrtykal miwesi we peýdalary

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty