SIZDEN GELENLER

Ekologiýa abadançylygy – ýaşaýşyň gönezligi

Daşky gurşawy goramak ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlendi. Ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli özgertmeler maksatnamalary ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda innowasion, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, howanyň arassalygyna, gurulýan zawodlaryň we fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologik standartlara we talaplara laýyklygyna gözegçiligiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen çäreler görülýär. Olar daşky gurşaw üçin howpsuzlygy babatda hökmany tertipde degişli seljermeden geçirilýär. Türkmenistan daşky gurşawy goramak meseleleriniň çözgüdine örän jogapkärli çemeleşýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ekologiýa boýunça bilim bermegi kämilleşdirmekde köp işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Bilim hakyndaky» we «Tebigaty goramak hakyndaky» Kanunlaryna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzyň ekologiýasy we daşky gurşawy goramak baradaky okuw sapaklary okadylýar.

Ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Bütindünýä saglyk güni ýaly baýramçylyk dabaralarynyň, tebigaty goramak boýunça okuw maslahatlarynyň geçirilmegi ýaşlaryň terbiýesi üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Geçen ýyllarda ýurdumyzda tebigaty goramak bilen baglanyşykly köp çäreler durmuşa geçirildi, möhüm kanunlar, kararlar kabul edildi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy», «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral Milli maksatnamasy» we beýlekiler uly orun eýeleýär. Şeýlelikde, şu resminamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň çar künjeginde berjaý edilýän işler düýpli netijelere eýe bolýar.

Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi döwlet ekologiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu ugurda kanunlaryň we hukuk namalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny nygtamak zerur. Ýagny, «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Uglewodorod serişdeleri hakynda», «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, Türkmenistanyň Tokaý we Suw kodeksleri hem-de beýleki kanunçylyk namalaryň kabul edilmegi aýdylanlaryň anyk mysallarydyr.

Milli Liderimiziň başyny başlan «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy», «Türkmenistanyň Aral boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy», «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» rejelenen görnüşi, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» tapgyrlaýyn amala aşyrylyp, ýurdumyzyň we sebitiň ekologik abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler durmuşa ornaşdyrylýar. Şonuň netijesinde her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli agaçlary ekmek, öňden bar bolanlaryna ideg etmek asylly däbe öwrüldi. 2020-nji ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 25 million düýp miweli, saýaly, pürli baglar hem-de üzüm ekilen bolsa, 2021-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 30 million düýp nahal oturdyldy.

Ýagşygül Saryýewa, TOHU-nyñ mugallymy.

 

Bedew-türkmeniň milli buýsanjy

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty