Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Munuň maksady ilatyň ýaşaýşy üçin arassa we amatly daşky gurşawy döretmekden ybarat bolup durýar. Ýurdumyzda ynsan saglygyny we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň hukuk esaslary berkidilýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalarynda daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly beýan edilýän kadalardan hem görmek bolýar.
Täze taryhy eýýamda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak, türkmen tebigatynyň gözellikleriniň gaýtalanmajak baýlyklaryny artdyrmak baradaky meseleler özüniň ähmiýetliligi bilen ekologiýa syýasatymyzyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda» ýaly Türkmenistanyň Kanunlary we beýlekiler kabul edildi.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hem-de paýtagtymyzyň töwereklerindäki dag eteklerinde bu gün müňlerçe gektar meýdanda bagy-bossanlyklar ýaýylyp gidýär.
Bag ekmek sogaply iş hasaplanylýar. Bu sogaply işiň dowamly ýerine ýetirilmegi netijesinde baýyrdyr depeler, halkalaýyn awtomobil ýollarynyň ugurlary, Garagum derýasynyň kenary bagy-bossanlyga büreldi. Ýurdumyz bagy-bossanlygyň, gür tokaýlyklaryň ülkesine öwrülýär. Munuň özi Diýarymyzyň ösüşiniň we täzelenmeginiň nyşanydyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli agaçlaryň we üzüm nahallarynyň 3 million düýbüni, şol sanda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle hem paýtagtymyzyň häkimligi tarapyndan olaryň 1,5 million düýbüni ekmek bellenildi. Şolaryň bir bölegi şu ýylyň ýazynda eýýäm ekildi.
Eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylýan köpçülikleýin bag ekmek dabarasy howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine mynasyp goşantdyr. Şäherleriň we obalaryň töwereklerinde tokaý zolaklarynyň döredilmegi bu ýerlerde amatly howa gurşawynyň emele gelmegine ýardam berýär. Ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi Watanymyzyň bagy-bossanlyga bürelmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýan ýurdumyzyň gözel tebigaty adamlary özüne maýyl edýär. Şeýle bolansoň, tebigatymyzy gorap saklamak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine uly ähmiýet berlip, bu babatda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar. Daşky gurşawyň arassalygyny, tebigat gözelliklerini gorap saklamakda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmakda, biologiki köpdürlüligi baýlaşdyrmakda hem-de tebigatymyz bilen baglanyşykly beýleki meselelerde durmuşa geçirilýän döwletli tutumlar, gazanylýan üstünlikler munuň aýdyň subutnamalarydyr.
Haýdar Gulamow,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
“Ekologiýa we umumy himiýa” kafedrasynyň mugallymy.
