JEMGYÝET

Çeferin ýene-de UEFA-nyň prezidenti

7-nji fewralda Italiýanyň paýtagty Rim şäherinde UEFA-nyň 43-nji maslahaty bolup geçdi. Onda seredilen meseleleriň biri hem Ýewropanyň ähli milli futbol federasiýasalaryny öz içine alýan halkara federasiýasynyň ýolbaşçysy baradaky mesele boldy. Bu wezipä ýeke-täk dalaşgär hödürlenildi. Ol hem 2016-njy ýylyň sentýabryndan bäri bu wezipede işlän Aleksandr Çeferindir. Mejlise gatnaşyjylaryň ählisiniň biragyzdan goldamagynda A.Çeferin ýene-de UEFA-nyň ýolbaşçysy wezipesine saýlanyldy. Ol indi bu wezipede 2023-nji ýyla çenli işlär.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri