Düýedarçylyk türkmen halkynyň gadymdan meşgullanyp gelýän käridir, we mukaddes mal hasaplanýar. Bu pudagyň esasan azyklyk bolçulygyny artdyrmak üçin uly ähmiýeti bardyr, şol wagtyň özünde-de düýeler çöl şertlerinde ulag we iş maly hökmünde hem ulanylýandyr. Arwana düýedarçylygy ilatymyz üçin düýe süýdüni, düýe çalyny, ýüňüni, etini, gönüni öndürmegiň özboluşly pudagy hasaplanylýar.
Düýelere “çöl gämileri” diýlip, ýöne ýere aýdylmaýar. Geçmişde Garagumyň ýowuz şertlerinde düýelerden başga uzak aralyga agyr ýükleri çekip biljek ulag serişdesi bolmandyr. Olar biziň ata-babalarymyzyň iň köp ulanan iş mallarydyr. Düýeler tomus aýlary Garagumyň jowzasyna, epgegine, gurakçylyga, suwsuzlyga çydamlydygy, idetmek üçin az harajat sarp edilýändigi, müň derde derman çaly, sütükli ýyly ýüňi, ýokumly eti bilen tapawutlanýar. Olar ýokanç kesellere-de çydamly. Düýe çöllük we ýarym çöllük ýerlerde, Garagum derýasynyň boýunda gögerýän ýandak, şora, guşgözi, syrkyn ýaly ösümlikler bilen iýmitlenýän ýeke-täk maldyr. Düýäniň agarany has ýokumlydyr. Agaran azganlylyk, inçekesel ýaly keselleriň öňüni almaga we olary bejermäge kömek edýär. Düýe çaly (gudratly içgi) suwsuzlygyňy oňat gandyrýar.
Düýe janawar göwresindäki botasyny 12 aýlap göterýär, we 2 ýyldan bir botlaýar. Düýe botlan soň 16-18 aý sagylýar. Beýleki sagylýan mallardan tapawutlylykda sagyljak düýe ilki köşegine emdirilýär. Düýäni günde 3-5 gezek sagyp bolýar. Düýäniň süýdi hili boýunça beýleki mallaryňka garanyňda tapawutlanýar, sebäbi düýäniň süýdi ýaglyrak, güýçli bolýar, dermanlyk hökmünde hem ulanylýar.
Düýe malyna mahsus häsiýetler şu aşakdakylardan ybaratdyr:
- Ýatkeş, düýe maly endik eden ýolundan gije hem, gündiz hem azaşmaýar;
- Düşbi, akylly, duýgur;
- Agyr ýük götermäge ukyply we çydamly bolýar (250 kg);
- Uzak ýollary geçip bilýär;
- Sowuga, yssa çydamly bolýar;
- Düýe uzak wagtlap suwsuz oňup bilýär;
- Düýe gabanjaň we sabyrly maldyr;
- Düýe bulanyk suw içmekligi halaýar;
- Düýe gün şöhlesini has gowy görýär.
Düýe malynyň nesli ýaş tapawudy boýunça şeýle atlandyrylýar:
- Köşek – botlandan bir ýaşaýança;
- Torum – bir ýaşansoň aýdylýar;
- Ogşuk – iki ýaşynyň içindekä aýdylýar;
- Duluç – iki ýaşyny dolduran inen düýä aýdylýar;
- Düýeler ýaşlaryna görä, ikiýaşar, üçýaşar, dörtýaşar, bäşýaşar
- diýlip hem atlandyrylýar.
G.Şaberdiýewa
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
18-nji aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama