Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly, bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini ösdürmek we halk hojalyk ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça ähli mümkinçilikler döredildi.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli gaýtadan işleýän senagat kärhanalary gurlup ulanylmaga berilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan şeýle döwrebap kärhanalaryň işiniň takyk we dogry ýola goýulmagy bilen bagly wezipelere hem aýratyn üns berilýär. Bu babatda ykdysady maglumatlar möhüm ähmiýete eýe bolup durýar we olar buhgalterçilik hasaba alnyşynda özüniň beýanyny tapýar.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetine ösen döwrebap tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň hem-de halkara tejribeleriniň has içgin ornaşdyrylýan häzirki döwründe, kabul edilýän şeýle çözgütler hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan döwletimizi ykdysady taýdan uzak möhletleýin ösdürmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň subutnamasydyr.
Halk hojalygynynyň sanlylyşadyrylmagy hem-de sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginde maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň düýpli ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.
Milli telekommunikasiýa ulgamynda-da halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze innowasion, sanly tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi aragatnaşyk ulgamynda hyzmatlaryň hil taýdan ýokary derejelere kybap getirilmegine şert döredýär. Telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň we halkymyzyň durmuş ýagdaýynyň ösdürilmegini üpjün edýän esasy şertleriň biridir.
Bu günki gün halkara ähmiýetli optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak bilen baglanyşykly taslamalar Türkmenistany Beýik Ýüpek ýolunyň ulag-kommunikasiýa merkezine öwürýär. Bu taslamalar üstaşyr ulgamlaryň wajyp şahasy bolup, goňşy we sebit döwletleriniň ykdysadyýetiniň ösmegine-de ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris» diýip belleýär. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini mundan buýana hem ösdürmekde uly işler alnyp barylýar, hünärmenler taýýarlanylýar, edaralara iň täze tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda alnyp barylýan işleriň uly ähmiýete eýedigini beýan edýär.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy ugry hökmünde hünärmenleriň başarnygy, kämilligi nazara alynýar. Şunda kämil hünärmenleri ýetişdirmek, zehinli ýaşlara giň mümkinçilikleri döretmek esasy ugur bolup durýar. Şonuň üçin hem häzirki döwürde ylym-bilimiň ösdürilmegi, ilki bilen, kämil hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, tehnologiýanyň önümçiligini ýola goýmaga aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda ýörite tehnologiýalaryň hem öndürilýändigini, bu ugurdan senagatyň hem kämilleşdirilýändigini bellemegimiz gerek. Bu hem ösüşiň möhüm ugruny üpjün edýär, täze mümkinçilikleri döredýär.
Ýagşymyrat Altymyradow,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň öwreniji-mugallymy.