Ýurdumyzda milli sporty ösdürmäge, sagdyn jemgyýeti kemala getirmäge aýratyn üns berilýär. Parahatçylygyň we raýdaşlygyň ilçisi hasaplanýan sport halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmekde hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar.
Garaşsyz Diýarymyzyň öňe sürýän sport diplomatiýasy dünýäde parahatçylygy we ählumumy abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilýär. Sportuň dürli görnüşleri bilen bir hatarda welosiped sportuna hem aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlary bilen welosiped sporty halkara derejesine göterildi. BMG-niň ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamany kabul etdi. Bu Kararnamanyň döredijileri bolup 62 sany döwlet çykyş etdi.
Mälim bolşy ýaly, welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Welosiped sporty ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär.
Bilşimiz ýaly, mähriban Watanymyzyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylda Milletler Bileleşigi 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama kabul etdi. Her ýyl yzygiderli görnüşde dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň işjeň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri guralýar. 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp, welosiped sürmek boýunça köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. 2019-njy ýylda bolsa Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda «Iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýöriş» geçirildi. Bu iki çäre Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Babamurat Oraýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.
BMG Türkmenistanyň başlangyjy boýunça täze Kararnama kabul etdi