MEDENIÝET

“Dur bakaly” multfilminiň döredijisi aradan çykdy

Sowet ýazyjysy we “Dur bakaly” (Ну, погоди!) multfilminiň esaslandyryjylarynyň biri bolan Aleksandr Kurlýandskiý 82 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada onuň dosty Aleksandr Lebedew “TASS” habar gullugyna habar berdi. Kurlýandskiý 1938-nji ýylyň 1-nji iýulynda dünýä inýär. 1961-nji ýylda Moskwanyň W.W.Kuýbyşew adyndaky inžener- gurluşyk institutyny tamamlaýar.

1964-nji ýyldan bäri professional ýazyjy bolup işleýär. Kurlyandskiý “Dur bakaly” (Ну, погоди!) multfilminden başga-da “Aýralyk toty guşuň gaýdyp gelmegi”, “Kömelek ýagşy”, “Garry eneňizi garşylaň”, “Jadygöý kempir” ýaly çagalaryň söýgüsini gazanan multfilmleri döretdi.

Onuň degişme äheňindäki hekaýalary “Eralaş” gepleşiginde surata düşürildi. Ýazyjy çagalar we ulular üçin kitap ýazypdyr. Aleksandr Kurlýandskiý – SSSR döwlet baýragyna mynasyp boldy we Russiýa Federasiýasynyň hormatly suratkeşi diýip hasaplanylýar.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

 

Ýene-de okaň

Ahyrky garagyş

Türkmenistanda 2-8-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň festiwaly geçiriler

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

18-25-nji ýanwar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bathyz goraghanasynda ýene-de bir ene alajagaplaň ýüze çykaryldy