MEDENIÝET

Dünýäniň iň uly suraty

Amerikaly Deýmond Wipper-Ýang dünýäniň iň uly suratyny çekdi. Ol 600 inedördül metr kagyzda – öýleri, howa şarlaryny we ummanyň içindäki ýaşaýşy şekillendiripdir. “CNN” habar gullugynyň habaryna görä, Filadelfiýa şäheriniň ýaşaýjysy bolan 24 ýaşly suratkeş we mugallym diňe gara reňkli markerleri ulanyp, sungat taslamasyna 63 sagat sarp edipdir. Deýmond uky we iýmit üçin arakesmeler alyp, umumylykda jemi 5 gün bu uly suratyň üstünde işläpdir.

“Döredijiligiň biziň her birimizde bardygyna ynanýaryn we bu suratyň maksady adamlarda öz döredijilik hyjuwlaryny tapmaga ruhlandyrmakdan ybarat bolup durýar” diýip, suratyň awtory Deýmond Wipper-Ýang belläp geçýär .

Indi bu suraty Filadelfiýa şäheriniň Franklin institutynyň sungat merkezinde görkezilýär we bu ýere gelýän suratkeşlere döredijilik ukyplaryny ösdürmäge çagyrylýar. Deýmondyň çeken suraty 2020-nji ýylda 567 inedördül metr kagyzda surat çeken italiýaly suratkeş FRA!-nyň geçen ýylky rekordyny täzeledi.

 

Linkler

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri