Ada her tarapdan suw bilen gurşalan ýer bölegi. Ýer ýüzünde takmynan 500000 ada bar – emele gelmegini ýa-da ýitmegini dowam etdirýändigi üçin takyk sanyny hasaplamak mümkin däl. Düzgün bolşy ýaly, bu ýer gabygynyň hereketi, mysal üçin suwasty wulkanyň güýçli ýarylmagy netijesinde ýüze çykýar.
Meýdany boýunça futbol meýdançasynyň ululygynda ýa-da käbir ýurtlaryň eýeleýän meýdanyndan uly bolan adalar bar.
Ine, şeýle adalaryň biri hem Grenlandiýadyr. Ol eýeleýän meýdany boýunça 2,1 million inedördül kilometre barabardyr. Ol Demirgazyk buzly ummanynyň iň uly adasydyr. Şeýle hem bu adany Atlantik ummany hem ýuwýar.
Onuň meýdany 2,166.086 km², demirgazykdan günorta uzynlygy 2700 km, günbatardan gündogara bolsa 1300 km. Sebit nukdaýnazaryndan yklymlaryň iň kiçisi Awstraliýadan üç esse kiçidir. Bu adada birnäçe ilatly nokarlar hem bar.
Dünýäniň iň uly adasy buzluklar bilen örtülendir. Tomsuň iň jöwzaly yssy döwründe hem bu ýeriň temperaturasy 0 derejede bolýar.
Grenlandiýanyň ösümlik dünýäsi barada aýdylanda, onuň buz bilen örtülmedik ýerlerinde käbir ösümlikler ýetişýär. Haýwanat dünýäsi barada aýdylanda, ol örän bäýdyr. Bu ýerde demirgazyk suguny, goçöküz, ak aýy, peses we polýar möjegi ýaly haýwanlar bar. Suwlarynda bolsa grenland kiti, grenlan düwleni we morž ýaly haýwanlara duş gelmek bolýar.
Allaberdi Gulgeldiyew, S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.
10-njy mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama