TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň iň meşhur smartfony

“Canalys” kompaniýasynyň bilermenleri 2020-nji ýylyň üçünji çärýeginde iň köp satylan smartfonlaryň sanawyny taýýarlady. Sanawa görä, dünýä belli “Apple” kompaniýasynyň “iPhone 11” telefony iň köp satylan smartfon boldy. Bu telefonyň satuwy 16 milliona deň boldy.

Sanawda ikinji orny ýene-de “Apple” kompaniýasynyň “iPhone SE 2020” telefony eýeläp, degişli hasabat döwründe onuň 10 milliony satyldy. Üçünji ýeri “Samsung Galaxy A21s” eýeledi.

Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, ykjam telefonlar bazarynda öňdeligi Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy eýeleýär. 2020-nji ýylyň üçünji çärýeginde “Samsung” 80,2 million smartfon satyp, 23 göterim bazar paýyna eýe boldy. Ikinji ýeri 14,9 göterimlik paýy hem-de 51,7 million smartfon satuwy bilen Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy eýeledi. Umumy dünýä bazarynda telefon söwdasynda üçünji orny 13,5 göterimlik paýy hem-de 47,1 million smartfon söwdasy bilen “Xiaomi” eýeledi.
Iň köp satylýan smartfonlar 2020:
“iPhone 11”
“iPhone SE 2020”
“Galaxy A21s”
“Galaxy A11”
“Galaxy A51”
“Redmi Note 9 / Redmi 10X 4G”
“Redmi 9”
“Galaxy A31”
“Redmi 9A”
“Galaxy A01”

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda «Elektron hökümet» ulgamy ösdürilýär

Amerika emeli aň ulgamynda dünýäde birinji bolmagy maksat edinýär

Ata Watan Eserleri

Hytaýda internet ulanyjylarynyň sany 1,12 milliarddan geçdi

Niderlandlarda ilkinji sürüjisiz awtobus synagdan geçirilýär

Hindistanda öndürilen ilkinji çip 2025-nji ýylda peýda bolar

Gazagystan özüniň superkompýuterini işläp düzdi