SPORT

Dünýäniň iň köp gol geçiren futbolçysy kim?

Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy  tarapyndan “Ýuwentus” toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo XXI asyrda dünýäde iň köp gol geçiren futbolçy diýlip yglan edildi. 2001-2020-nji ýyllar aralygynda geçiren gollary göz öňüne tutanymyzda, onda ol jemi 462 gezek gol geçirmegi başarypdyr. Bu görkeziji babatda Lionel Messi özüniň 451 goly bilen ikinji orunda ýerleşdi. Üçünji oruny bolsa XX asyrda 13 gol we XXI asyrda 379 gol geçiren Zlatan Ibrahimowiç eýeledi.

Golaýda Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” toparyna transfer bolan Luis Suarez özüniň 332 sany goly bilen dördünji orna ýerleşdi. Ýylyň iň gowy oýunçysy bolan Robert Lewandowski 285 goly bilen ýedinji orunda galdy. Sanawa karýerasynyň dowamynda 200 goldan köp geçiren futbolçylar girmegi başardylar.

XXI asyrda dünýäde iň köp gol geçiren 10 sany futbolçylaryň sanawy:

  1. 1. Ronaldo (“Ýuwentus”) – 462 gol
  2. 2. Lionel Messi (“Barselona”) – 451 gol
  3. 3. Zlatan Ibrahimowiç (“Milan”) – 379 gol
  4. 4. Luis Suarez (“Atletiko Madrid”) – 332 gol
  5. 5. Aleksandar Juriç (“Tampines Rowers”) – 304 gol
  6. 6. Ali Aşfak (“Sports”) – 287 gol
  7. 7. Robert Lewandowski (“Bawariýa”) – 285 gol
  8. 8. Samuel Eto’O – 282 gol
  9. 9. Dawid Willa (“Wissel Kobe”) – 280 gol
  10. 10. Martin Kamburow (“PFK SSKA” 1948) – 278 gol

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

3-nji oktýabr: Döwletjan Ýagşymyradow Kori Anderson bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň III Oýunlaryna gatnaşýar

Türkmen türgenleri sambo boýunça Dünýä kubogynda 11 medal gazandy

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler

Osman Dembele “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy

Ata Watan Eserleri

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy