SPORT

Dünýäniň iň köp girdeji gazanýan futbolçylary…

Häzirki wagtda dünýäniň islendik künjünde sportuň futbol görnüşi has hem özgerýär. Bu sport bilen 7 ýaşdan 70 ýaşa çenli meşgullanmagy halaýarlar. Hat-da futbol janköýerleri dört ýyldan bir gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Sportuň futbol boýunça dünýä belli oýunçylaryň ýyllyk girdejisiniň näçedigini bilmek isleýärsiňizmi? “Forbes” žurnaly 2020-nji ýylda iň köp girdejili oýunçylaryň sanawyny düzdi.

Iň köp girdejili oýunçylaryň sanawy:

  1. 1. Lionel Messi (“Barselona” we Argentina) – 126 million dollar.
  2. 2. Kristiano Ronaldo (“Ýuwentus” we Portugaliýa) – 117 million dollar.
  3. 3. Neýmar (“PSŽ” we Braziliýa) – 96 million dollar.
  4. 4. Kilian Mbappe (“PSŽ” we Fransiýa) – 42 million dollar.
  5. 5. Mohamed Salah (“Liwerpul” we Müsür) – 37 million dollar.
  6. 6. Paul Pogba (“Mançester Ýunaýted” we Fransiýa) – 34 million dollar.
  7. 7. Antuan Grizmann (“Barselona” we Fransiýa) – 33 million dollar.
  8. 8. Garet Beýl (“Real Madrid” we Uels) – 29 million dollar.
  9. 9. Robert Lewandowski (“Bawariýa” we Polşa) – 28 million dollar.
  10. 10. Dawid de Heýa (“Mançester Ýunaýted” we Ispaniýa) – 27 million dollar.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

“Roma” Mohamed Salahy “Liwerpuldan” kärendesine alyp biler

Mareska “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy

“Globe Soccer Awards” baýraklary gowşuryldy

Ronaldo Ýakyn Gündogaryň ýylyň iň gowy futbolçysy boldy

Ronaldo karýerasynda 14-nji gezek bir ýylda 40 gol geçirdi

“Arkadag” futbol kluby bassyr üçünji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy