MEDENIÝET

Dünýäniň iň köp gazanan kino ýyldyzlary

Golliwud ýyldyzlary diňe bir baş keşbi janlandyrýan filmleri bilen däl, eýsem gazançlary bilenem öňe çykýarlar. “Forbes” žurnaly 2023-nji ýylda iň köp girdeji gazanan kino ýyldyzlaryny yglan etdi.

“50 ilkinji posa”, “Giýewi öpüp bilersiňiz” ýaly filmler bilen tanalýan meşhur amerikan aktýory Adam Sandler iň köp girdeji gazanan aktýor boldy. “Forbesiň” hasabatyna görä, aktýor 2023-nji ýylda 73 million dollar gazanypdyr.

2023-nji ýylda iň köp girdeji gazanan “Barbi” filminiň esasy aktrisasy we prodýuseri Margot Robbi 59 million dollar bilen 2-nji orny eýeledi.

Golliwudyň meşhur aktýory Tom Kruz sanawda 3-nji orny eýeläp, 45 million dollar girdeji gazandy. “Air” we “Oppenheimer” kinolary bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan Matt Damon 43 million dollar gazandy.

Şeýle hem iň köp girdeji gazanan kino ýyldyzlarynyň ilkinji 10-lygynda Rýan Gosling, Jennifer Aniston, Jason Stathem, Leonardo Di Kaprio, Ben Aflek we Denzel Waşington bar.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri