TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň iň gymmat elektrikli awtoulagy

2019-njy ýylda Ýaponiýanyň “Aspark” awtoulag markasy özüniň tutuşlaýyn elektrik togy arklay işleýän “Owl” görnüşli elektrikli awtoulagyny hödürledi.

Bu görnüşli awtoulagyň bary-ýogy 50 sanysy öndüriler we dünýäniň iň gymmat elektrikli awtoulagy diýip atlandyrylar. “Owl” atly elektrikli awtoulagyň bahasy 3,5 million dollardan başlaýar. Şeýle hem bu awtoulag özüniň tehnika üpjünçiligi babatda köpleriň ünsini çekýär.

Ulagda jemi 4 sany elektrikli hereketlendirijisi enjamlaşdyrylan we 1,7 sekunt wagt içinde 100 kilometre ýetmegi başarýar. Eger-de bu awtoulagyň maglumatlary resmi taýdan hasaba alynsa, onda dünýäde iň çalt bat alýan awtoulag adyna mynasyp bolar.

Bilşimiz ýaly, elektrikli awtoulagy öndürmekde milliarder Ilon Maskyň “Tesla” kompaniýasy öňdebaryjy diýip hasaplanylýar. Onuň täze çykarjak “Tesla Roadster” atly elektrikli awtoulagy, 1,9 sekunt wagt içinde 100 kilometre ýetip biler.

“Owl” elektrikli awtoulagynyň bu görkezijä ýetmegine, ulagda ýerleşdirilen 2012 at güýji ýardam edýär. Ulagyň ýokary tizligi sagatda 450 km barabar bolup durýar. Italiýada öndüriljek bu görnüşli ulaglar, her sargyt eden müşderilere eltip beriler.

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

 

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýada kiçi çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar

Ata Watan Eserleri

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär